Halkara gatnaşyklarynda parlament diplomatiýasy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artýar. Bu günki gün iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan döwletimize sebitiň we dünýäniň ýurtlary uly gyzyklanma bildirýärler.

Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy.Häzirki wagtda ýurdumyzda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berilýär.

Halkara hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işi döwrebap derejede ösdürilýär. Şeýle hem parlament hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşleri ýola goýulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy ýola goýuldy. Şeýle duşuşygy geçirmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigini bellemek gerek.Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly şygary bilen duşuşygynyň geçirilmegi parlament diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.

Bu duşuşyga Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Nomaýandogan Majlisiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy we bu ýurtlaryň parlamentarileri gatnaşdylar.

Ýakynda dünýä döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli syýasatynyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar.Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär.

Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar we Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara gatnaşyklarda Dialog parahatçylygyň kepili atly filosofiýasyny dünýä giňişliginde rowaçlandyrýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçen bu duşuşyk Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda hem uly tagalla edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Yhlas ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Rawşanbek Alimow Özbegistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenýär
“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy