Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda kitabyň çapdan çykmagynyň ähmiýetini bellemek bilen, täze eserde Altyndepe, Marguş, Seljuklar we Horezmşalar döwletlerinde ýakyn goňşylary bilen syýasy we söwda gatnaşyklarynyň bolandygy barada ylmy maglumatlaryň berilýändigini nygtady.

Olardan görnüşi ýaly, türkmenler gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk ýörelgelerine eýeripdirler we öňüni alyş diplomatiýasyny netijeli ulanypdyrlar.Nygtalyşy ýaly, kitap daşary ýurtly okyjylary türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi, şeýle-de Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmaga ýardam berer. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G. Ýusupowa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.

Rustemowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahsan Ali Wagan, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş etdiler.

Maslahatda edilen çykyşlarda “Hakyda göwheri” atly kitabyň “Girişden” we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.Alty bölümden ybarat bolan “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu täze kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen eserlerini, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrman işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. /* custom css */ .td_uid_15_6752e985d85c0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e985d85c0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Hakyda göwheri döredijilik ylhamy
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi