Şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogyna gatnaşýan wekiliýet agzalarynyň 11-nji maýda — günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyndaky derek hakyndaky täsin rowaýata esaslanýan Ömür daragty atly sahna eserine tomaşa etmekleri guraldy.
Nesil gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, pýesada ýagşy adamlara mahsus bolan gowy ahlak sypatlary, ynsanyň Watana, söýgä, dostluga, maşgala wepalylyk ýaly ýagşy häsiýetleri çeper keşpleriň, aňda galýan tolgundyryjy pursatlaryň üsti bilen tomaşaçylara ýetirilýär.
Pýesanyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowdyr.
Sahna eseri tomaşaçylara türkmen dilinde görkezilip, ol daşary ýurt myhmanlary üçin rus diline sinhron terjime edildi.
Mundan başga-da, halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus dramaturgy A.Ostrowskiniň Balzaminowyň öýlenişi, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan Ak gämi, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda A.Işangulyýewiň Çynymy aýtsam atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunlaryň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy A.Wolodiniň Bäş agşam, Türkmen döwlet gurjak teatrynda halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan Ýartygulak sahna oýunlary, Döwlet sirkinde bolsa Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.