Halkara film festiwalyna gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk sapagyny geçdiler

Halkara film festiwalyna gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk sapagyny geçdiler

Şu gün Arkadag şäherinde geçirilýän Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag, Eduard Montut we beýlekiler Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar.

HHM-niň habar bermegine görä, dünýä belli artistler institutyň mejlisler zalynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Artistler onuň dowamynda taryhy we meşhur filmleriň önümçiliginde gazanylan tejribeler, gyzykly pursatlary barada öz pikirlerini paýlaşdylar.

Ussatlyk sapagynda myhmanlar kino sungatynda nähili kynçylyklara duş gelýändiklerini aýtdylar. Netijede, film festiwalyna gatnaşyjylar geljekki aktýorlara saýlap alan hünärlerinde hemişe öwrenmeli we kynçylyklara garamazdan, üstünlik gazanmagy başarmalydygy barada maslahat berdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Turksat 6A” -nyň ilkinji synag ýaýlymy üstünlikli tamamlandy
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
TOGG-yň Täze Modeli 2025-nji Ýylda Satuwa Çykarlar