
Halkara energetika agentligi (HEA) 2022-nji ýylda nebite islegiň ösüşine çaklama berende ony günde 100 müň barrel peseldendigi agentligiň aýlyk hasabatyndan görünýär.
Seljerijiler 2021-nji ýylda islegiň bahasyny üýtgewsiz 97,7 mln b/g çenli diýip goýdular, sentýabrdaky hasabat bilen deňeşdirilende 2022-nji ýyl üçin çaklama 100 müň b/g 99,6 mln b/g çenli peseldilen. Şunlukda, 2022-nji ýylda HEA dünýäde nebite islegiň, bir aý mundan owalky 2 mln b/g deregine, 1,9 mln b/g öser diýip garaşýar. Şeýle-de, HEA 2023-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň bahasyny 101,8 mln b/g-dan 101,3 mln b/g çenli peseltdi. Şunlukda ulanyşyň ösüşiniň bahasyny 400 müň b/g peselmä tarap 1,7 mln b/g-a çenli diýip seljerijiler düzetdiler.
Dünýä isleginiň bahasy dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly, onsoňam OPEK+-yň nebit çykarmagy azaltmak boýunça kabul eden meýilnamasy sebäpli ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde düzedildi.