Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniiň (TTGJ) 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň barşynda TTGJ-niň hünärmenleriniň ýedisi Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Tebigaty goramak halkara birleşiginiň (TGHB) Hormat hatlaryna mynasyp boldular, sylaglary TGHB-niň sebit bölüminiň direktory Boris Erg we germaniýaly professor Mihael Zukkow gowşurdylar.

Forumyň çäklerinde bioköpdürlüligi saklap galmak meseleleri boýunça tanyşdyrylyşlar boldy, bilelikdäki ylmy barlaglaryň, sebitde goralýan tebigy ýerlede işleri gowulandyrmagyň meselelerine garaldy. Köýtendagyň toýnakly endemigi burma şahly umganyň baş sanynyň köpelýändigi, şeýle hem Eýranyň we Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde alaja gaplaňyň, hat-da çagalan geçigaplaňyňam duşýandygy barada habar berildi.

Hususan-da, eýranly zoolog Mohammad Farhadiniýa Eýrandan Türkmenistana we yzyna geçýän uly ýaşly geçigaplaňlara gözegçilik edilende alnan foto hem-de wideomateillary görkezdi. Jenap Farhadiniýanyň aýtmagyna görä, Eýranda gar barsynyň sany 50-den 80 aralygyndadyr.

Norwegiýanyň tebigat barlaglary institutynyň uly ylmy işgäri Jon Linnell Bathyzyň haýwanat dünýäsini öwrenmegiň tejribesi barada gürrüň berdi, ol bu goraghana öz baryp gören ýerlerinden jahanda iň owadan ýerleriniň biri diýdi. Alym öz çykyşynda türkmen gulanynyň ýerli toparlarynyň azalýandygy baradaky meseläni gozgady, häzirki wagtda olaryň uly topary Gazagystanda saklanyp galypdyr, olar Bathyzdan gidipdirler.

TGHB-niň Demirgazyk Ýewraziýanyň tebigaty goralýan ýerleri boýunça Bütindüýä iş toparynyň başlygy Sergeý Şirokow goraghanalaryň adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrýandygyny belledi, ol ekoulgamly hyzmatlara ykdysady taýdan baha berilmegi bilen tassyklanylýar. Ýabany tebigat bütindünýä gaznasynyň (WWF) Merkezi Aziýa maksatnamasynyň ylmy ýolbaşçysy Olga Pereladowa kärdeşlerine Gazagystanda Balhaşyň günorta çäklerinde turan gaplaňynnyň populýasiýasyny dikeltmek boýunça deňi-taýsyz taslamanyň durmuşa geçirilip başlandygyny habar berdi.

Serhetüsti goraghanalary goldamak we ösdürmek boýunça maksatnamalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Russiýanyň WWF milli guramasy tebigaty goramak işleriniň netijeliligine baha bermegiň usulýetini işläp taýýarlady.Ol Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň birnäçesinde, şeýle hem Gyrgyzystanyň goraghanalarynda synag edildi, ulanmak üçin tassyklanyldy.

Gazna 1996-njy ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda işläp gelýär, şol döwürde goraghana işini kämilleşdirmek, jeňňel sugunynyň baş sanyny dikeltmek, alajagaplaňyň polpulýasiýasyny saklap galmak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi. “Biz özara hereketiň dowam etdirilmegine bil baglaýarys”- diýip O.

Pereladowa nygtady.

Zukkow Gaznasyny (Germaniýa) esaslandyran professor Mihael Zukkow demirgazyk Eýranda geçirilen ylmy barlaglara gatnaşanlygyny aýtdy, türkmen Bathyzynyň günorta bölegi oňa galtaşýar. Bu ýerde dürli haýwanlaryň möwsümleýin göçüşine gözegçilik edilýär, gulan hem üns berilýän haýwanlaryň biridir. Doktor Zukkow şeýle hem Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyuň hünärmenleri bilen bilelikde Garagumyň tebigatyny öwrenmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hem-de Beýik Britaniýanyň guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň “Türkmenistanyň goralýan guşlarynyň we tutuş bioköpdürlüliginiň derejesini ýokarlandyrmak” taslamasynyň ýolbaşçysy Eldar Rustamow dört müňe çenli çuluk garadepeli tekejyllygyň gyşlamaga gelen ýeri bolan Tallymerjen çölüne ekspedisiýanyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan bu ýerde guşlaryň alty müňe golaýy, umuman, dünýäde seýrek duşýan guşlaryň üçden biri gyşlaýar.

Forumyň çäklerinde ýaşaýyş adalary kemala gelen çöl uçastoklarynyň ikisine baryldy.Başlangyç tapgyrda türkmen alymlary Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti, soňra BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde sazak we beýleki çöl ösümliklerini ekdiler.

Foruma gatnaşanlar ilki “Çalyş” ylmy-önümçilik uçastogyna bardylar, ol tokaý dikeldiş çäreleri geçirilenden soň Türkmenistanda bäş ýyl mundan ozal açylan täze, hasap boýunça dokuzynjy Bereketli Garagum goraghanasynyň düzümine girdi.

Häzir bu ýerde gara we ak sazak ekmek işleri dowam etdirilýär, olaryň üstüne hakyky pisse, subtropiki ýukka, eýran ösümlik dünýäsiniň ýaprakly agajy bolan meliýa goşuldy.Alymlar miweli gündogar igdesiniň, şeýle hem arundo gamyşynyň, süýşýän gumlarda ýetişdirmek başardan ýaprakly agaçlaryň gowy ösýändigini bellediler.

Myhmanlar Bokurdak obasynyň töwereginde oturdylan ösümliklere uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Häzir bu ýerde gumuň süýşmeginiň öňüni alan sazak tokaýy ýaylyp ýatyr. Obanyň demirgazygragynda zeýkeş suwlarynyň akýan ýerinde adaty badam we hakyky pisse ýetişdirmek boýunça ylmy barlag geçirilip, bu ösümlikleriň guraklyga we şora durnuklylygy barlanylýar. Myhmanlara bu ýerde milli tagamlar we çaldyr agaran hödür edildi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Bilelikdäki topar alajagaplaňlaryň ýaýran sebitlerine gözegçilik geçirdi
Petdelikleri saklap galmak boýunça türkmen-german taslamasy durmuşa geçirilip başlandy
Orta guşaklyk Turan çöllügi boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar
Sebitiň çöllük ekologik ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlenilýär