Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan forum

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.Maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.

Milli Liderimiziň Gutlag hatynda: “2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir.

Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde wajyp ähmiýete eýedir.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar.Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar” diýlip bellenilýär.Maslahatyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ynsanperwer kömegini bermek baradaky kömekçisi Raşid Halikow, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we beýlekiler çykyş etdiler.Çykyş edenler milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm goşant goşýandygyny bellediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de asudalygyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigi nygtaldy.

Myhmanlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly” diýip, yglan etmek baradaky başlangyjynyň özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň täze syýasy-diplomatik usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.Forumda bellenilişi ýaly, howpsuzlyk we ösüş diňe bir syýasy hyzmatdaşlyga däl, eýsem, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, adam hukuklaryny berjaý etmek we goramak, demokratik dolandyryş we kanunlaryň hökmürowanlygy babatynda hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçiligine hem esaslanýar. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçihanalaryň gatnaşmagynda sergi hem guraldy.

Sergide döwletimiziň daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň işi bilen tanyşdyryldy.

Akbike Abdyllaýewa, A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan forum
11.12.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary
Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary
25.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Açyk gapylar we oňyn Bitaraplyk syýasaty
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi