Halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda Garagumuň ekoulgamyny saklap galmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

22-nji maýda bellenilýän Bioköpdüliligi goramagyň halkara gününiň öň ýanynda Aşgabatda ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurluş edaralarynyň, ylym billeşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsine baha bermek boýunça seminar geçirildi.

Merkezi Aziýanyň çölleri boýunça Başlangyjyň (CADI) çäklerinde hereket edýän Bioköpdürlilik we ekoulgamlar hyzmatlary boýunça döwletara meýdançasynyň (BEHDB) sekretariatynyň wekili Aksel Paulş, şeýle hem Mihael Zukkow Gaznasynyň hünärmeni Ýens Wunderlih halkara bilermenleri hökmünde çykyş etdiler.

Sebit başlangyjynyň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleri Zukkow Gaznasynyň, Germaniýanyň Daşky gurşaw, tebigaty goramak, gurluşyk we ýadro howpsuzlygy baradaky federal ministrligniň goldamagynda, şu döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň Graýfswald Uniwersitetiniň, Botanika we landşaftlaryň ekologiýasy institutynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň agroekologiýa edarasy utgaşdyrýar.

Bu hyzmatdaşlyk şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder.Daşary ýurtly hünärmenleriň görkezen tanyşdyrylyşlary BEHDB-niň esasy ýörelgelerine, hususan-da, ýerleri dikeltmek boýunça ýörelgelerine, şeýle hem CADI-niň Ýewraziýanyň çölleriniň bioköpdürliligini öwrenmäge we saklap galmaga gönükdirilen maksatlarynyň durmuşa geçirilişine bagyşlandy.

Başlangyjyň Garagumuň ekoulgamlaryny gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen türkmen bölegi goralýan ýerlere maýa goýumlaryny goýmagy, tokaý hojalygyny dolandyrmagy we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmagy, şeýle hem ekologiýa taýdan bilimleri göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Orta guşaklyk Turan çöllügi boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar
Sebitiň çöllük ekologik ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlenilýär
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar
Ýaşyl tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur