Halkara bilermenleri döwlet dolandyryşy ulgamyna täze çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar

Halkara tejribesini we ýurdumyzdaky iň gowy iş usullaryny göz öňünde tutýan döwlet dolandyryşy ulgamyny guramagyň netijeli gurallary Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini hem-de hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw maksatnamalarynyň esasy özenini düzýär.

ÝeB bilen Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi üçin guralan seminaryň gün tertibine şu meseleler girizildi.

Bolgariýadan we Germaniýadan halkara bilermenleri strategiki taýdan meýilleşdirmek, dolandyryş çözgütleriniň netijeliligi, şeýle hem maliýe menejmenti boýunça syn beriş umumy okuwlary hem-de wideotanyşdyryşlary geçirdiler.

Mysal üçin, Sofiýanyň Keramatly Kliment Ohridli adyndaky Uniwersitetiniň professory, ykdysadyýet ylymlarynyň doktory Todor Tanew guramanyň maksatlary saýlamagyny we olara ýetmegiň ýollaryny görkezýän strategiki taýdan meýilleşdirmek boýunça materiallaryň Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw maksatnamalaryny magistrlik okuwlaryna ornaşdyrmagyň usullary barada gürrüň berdi.

Ykdysadyýet ylymlarynyň kandidaty, Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Ogultäç Söýünowa okuw-türgenleşiginiň birinji ýarymyny jemläp, strategiki taýdan meýilleşdirmek boýunça okuw maksatnamasyna daşky gurşawyň ýagdaýyna seljerme bermek bilen bagly meseleleri goşmagyň zerurlygyna ünsi çekdi.

Seminaryň ikinji böleginde Bolgariýanyň Döwlet dolandyryşy institutynyň Ýerine ýetiriji direktory Pawel Iwanow dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň netijeliligine baha bermegiň gurallary bilen tanyşdyrdy.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň hünärmenleri dolandyryş çözgütleriniň netijeliliginiň iki ugruny maksada gönükdirilen we harajatly ugurlaryny kesgitleýärler. Maksada gönükdirilen ugur guramanyň maksatlaryna ýetiş derejesini, harajatly ugry serişdeleri netijeli önümçilige öwürmegiň tygşytly usullaryny görkezýär.

Okuwyň ikinji tapgyrynyň netijelerini jemläp, seminara gatnaşyjylar magistrlik okuwyň maksatnamalaryna dolandyryş çözgütleri boýunça tematiki sapaklary goşmagyň makasadalaýyk boljakdygy barada pikir aýtdylar.

Seminaryň üçünji böleginde ÝeB-niň taslamasynyň maslahatçysy, Kýoln uniwersitetiniň professory Aksel Kelts döwlet mailýe dolandyryşy we bank ulgamyndaky daşary ýurtlaryň tejribesi hem-de innowasion usullar bilen tanyşdyrdy.

Pikir alyşmalarda milli ykdysadyýeti diwersikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmek konsepsiýasynyň çäklerinde döwlet mailýe dolandyryşy hem-de bank ulgamyny dolandyrmak boýunça seminarda tanyşdyrylan maglumatlary magistrlik okuwynyň maksatnamasyna goşmak barada teklipler aýdyldy.

Söhbetdeşlikde seminara gatnaşanlar ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiligini giňişleýin häsiýetlendirdiler, has ähmiýetli görkezijiler bilen tanyşdyrdylar, Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanşygynyň ösüşine seljerme berdiler.

Döwlet gullugy akademiýasynyň dosenti, ykdysadyýet ylymlarynyň kandidaty Akjemal Burunowanyň çykyşynda türkmen ykdysadyýetiniň innowasion ugurlaryna, şeýle hem ýurduň maýa goýum özüne çekijiliginiň ýokarlanmagy üçin döredilen şertlere aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik maksatnamasy: halkara tejribesini öwrenip
Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny süýşüren pullaryny gymmat bahaly kagyzlara ýatyrmaga çagyrýarlar
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrlik okuwlary: halkara tejribesi we ileri tutulýan milli ugurlar
Belentden ýaňlanan owazlar
Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi Zenan kalby ordenine mynasyp boldy