Halkara bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Halkara bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I açyk halkara internet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, ýeňijilere diplomlar, şeýle hem minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 12-sinden, ýagny Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryndan talyplaryň 94-si gatnaşdy.

Açyk halkara internet bäsleşiginiň esasy maksady talyplaryň inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzeliklerdir döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegini gazanmakdan, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmekden, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmakdan, giňişleýin pikirlenmäni ösdürmekden we nazary, amaly okuwlarda alnan bilimleri berkitmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Daýanç Mahmudow, Hangeldi Hümmedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Atabaý Ýahşimuradow, Döwletmämmet Garaýew, Belarus milli tehniki uniwersitetiniň talyby Lew Mamonow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Seýran Amangeldiýew, Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Adel Ahmetzýanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Gadyr Porsyýew dagy 1-nji orna mynasyp boldy.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, daşary ýurtlardan bolsa Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň, Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň, Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň milli uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem baýrakly orunlary eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
28.09.2017 | Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidiýen at dakyldy
Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen at dakyldy