Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, halkara azyk krizisiniň çözülmegi üçin BMG, Ukraina we Russiýa bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýtdy.
Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň, Azerbaýjan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasibetli paýtagt Ankarada berlen “Dost we doganlyk ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy” bankedine gatnaşdy.
Paýtagt Ankarada Millet kitaphanasynda berlen bankede Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen birlikde ady agzalýan ýurtlaryň Ankardaky ilçileri we diplomatik wekilleri gatnaşdy.
Banketde çykyş eden Çawuşogly, Türkiýäniň ýokarda ady agzalýan ýurtlar bilen edýän dostlukly gatnaşyklarynyň geçmişiniň taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýändigini belledi.
Mewlüt Çawuşogly “Garaşsyzlyklarynyň yzy ýanyndan ilkinjileriň hatarynda şol ýurtlary ykrar etmegimiz tötänleý däldir” diýdi.
Ýewraziýanyň dünýäniň strategik sebitlerinden biridigine ünsi çeken Çawuşogly, “Gynansakda soňky döwürde käbir synaglardan geçýäris. 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hemmämize täsirini ýetirýär” diýip belledi.
Çawuşogly, parahatçylygyň tarapynda durýan Türkiýäniň meseläniň çözülmegi üçin degişli goldawy bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.
Türkiýäniň dünýäniň sezewar bolan azyk krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýändigini aýdan Çawuşogly “Bu meselede BMG, Ukraina we Russiýa bilen aragatnaşyk saklaýarys. Çarşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ankara gelýär. Dostum Ukrainanyň Daşary işler ministri Dimitro Kuleba bilen hem ýakyndan aragatnaşyk saklaýaryn” diýdi.
Mewlüt Çawuşogly, Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli ýüze çykan energetika krizisiniň Ýewropa ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirmezligi üçin hem tagalla edýändiklerine ünsi çekdi “Bu meselede esasan Azerbaýjan uly jogapkärçiligi öz üstüne alýar” diýdi.
Çawuşogly ýakynda Türkiýäniň-Gazagystanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçiriljek üçtaraplaýyn maslahatda bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çeken Çawuşgoly “Türk Döwletleri guramasy şol hyzmatdaşlygyň miwesidir” diýdi.