Halkara awtoulag sergisi

16-njy aprelde öz işine başlan Şanhaý halkara awtosergisine (Auto Shanghai 2019) gatnaşyjylar Hytaýyň we dünýäniň awtoulag senagatynyň gazananlary bilen tanyşmaga, bu pudagyň soňky ösüşlerini synlamaga mümkinçilik aldylar.

Iki ýyldan geçirilýän sergi bu ýyl “Iň gowy geljegi döretmek” atly şygar bilen geçirilýär.Onuň gapylary ilkinji iki gününde žurnalistler üçin açyk boldy. 18-19-njy aprelde bolsa, öz gapylaryny awtoulag senagatynyň bilermenlerine açyp, 20-25-nji aprelde sergi pawilonlary isleg bildirýän beýleki myhmanlary kabul eder.

Sergä 1 milliondan gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.Halkara gözden geçiriliş çäresini 2 müňden gowrak neşirden 10 müň töweregi žurnalist şöhlelendirýär. 360 müň inedördül metre deň bolan Milli sergi merkezinde (NECC) geçirilen çärede dünýäniň 20 ýurdundan müňden gowrak awtoulag şereketi özüniň soňky önümlerini görkezdi.

Olaryň arasynda awtobuslar, täjirçilik ulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kompaniýalar hem bar.Öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu sergä “Mercedes-Benz”, “Volkswagen”, “Toyota”, “Honda”, “Nissan”, “Mazda”, “Mitsubishi”, “Suzuki”, “Subaru”, “Buick”, “Chevrolet”, “Ford”, “Citroen”, “Peugeot”, “Renault” we beýleki öndürijiler öz ulaglaryny hödürleýärler.

Bu awtosergä lýuks awtoulaglary öndürijiler “Alfa Romeo”, “Bentley”, “Porsche”, “Lamborghini”, “Maserati”, “Aston Martin” we beýlekiler hem gatnaşýarlar.Sergide energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen işleýän awtoulag öndürijileriň GAC NE, WM-Motor, XPENG, HOZON, ENOVATE, AIWAYS, “Lixiang” we beýleki ulaglary ilkinji gezek görkezilýär.Sergi merkezinde Hytaýyň öňdebaryjy awtoulag toparlary FAW, “Dongfeng Motor”, SAIC Group, “Changan Automobile”, GAC Group we BAIC öz ulaglaryny hödürleýärler. Şeýle hem “Chery group”, “Geely Group”, “Great Wall”, “Brilliance China Auto”, “Li Xiang”, BYD we JAC ýaly öndürijiler özleriniň täze modellerini köpçülige görkezdiler. Şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalaryň arasyndan “Mercedes-Benz”-iň GLB krossoweri, “Volkswagen”-iň “ID ROOMZZ l” elektroulagy, “Audi”-niň AI:ME elektrokary, “Infiniti”-niň “Qs Inspiration” nusgalyk elektrokary görkezildi. “Lexus” brendiniň muşdaklary LM miniwan modelini, nemes öndürijisi BMW bolsa, täze nesliniň üçünji seriýasynyň has uzyn modelini görkezdi.

Sergide elektrokarlaryň we gibrid ulaglaryň agdyklyk edýändigini görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Pariž awtoulag sergisi başlady
Hytaý Siandan Merkezi Aziýa çenli “Çanan” ýük otlusyny işe girizdi
Dünýäde awtoulag söwdasy 10 göterim artdy
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar