Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi.
Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär.
Bu ýerde hünärmen muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” goşgusynyň hala çitilen nusgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň öz bedewlerine aýratyn garaýşynyň subutnamalary bolan atlaryň bezeg şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalary bar.
Gadymy döwürlerde kemala gelen at bezemek däpleri şu güne çenli türkmeniň milli medeniýetinde saklanyp, häzirki zaman zergärçilik ussalarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar.Bedewleriň altyndan, kümüşden taýýarlanan bezeg şaýlary taryhyň dürli döwürlerinde, çylşyrymly ýagdaýlarda gorag esbaplary hökmünde hyzmat edipdir.
Kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar, hususan-da, hakyk we pöwrize daşlary bilen bezelen at esbaplary ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, bedewleriň gözelligine gözellik goşupdyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde bedewleriň çapuw mahalynda ulanylýan eýerleri bilen bir hatarda, bedewler toý-baýramlara çykarylanda, atylýan eýerleriniň görnüşleri görkezilýär.
Munuň özi ussat seýisleriň at esbaplaryny ulanmaga örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigini we ähmiýetine görä ulanylýandygyny aňladýar. Şeýle hem muzeýde oturdylan ýörite monitorda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine wepadarlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany hökmünde alabaý köpegini sowgat berýän görnüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şol gün milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we abadançylyk arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaýy sowgat beripdi. Şol pursatlarda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr.
Wepaly atly alabaýyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz şonda sowgat berilýän köpejigiň ýeňsesinden tutup, ony ýokaryk galdyrdy hem-de şeýdip, itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi. Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it bolup ýetişer.
Bu ýerde milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ozalky Hökümet baştutany D.Medwedewe sowgat beren alabaýy, bu türkmen itiniň Russiýanyň tebigatyna, onuň howa aýratynlyklaryna tiz uýgunlaşandygy barada gürrüň berýän wideoşekiller hem görkezildi. Şeýle hem ady rowaýata öwrülen Akhanyň täze dünýä inen taýy bolan Aşgabat atly taýçanak, onuň ösüşi, özboluşly beden gurluşy barada gürrüň berýän wideoşekilleriň görkezilmegi, bu ýerde guralan dabarany täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Bu görnüşler türkmen halkynyň şöhratly seýisleriniň yhlasy bilen arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylýandygyny-da alamatlandyrdy.Ganatly bedewler türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.Olar baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň esasy ýaraşygy bolup durýar.
Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär.Munuň özi dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar.Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn belleýär.Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy.
Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr.
Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär.Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň kitaphanasy bilen tanyşdylar.Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserleriň giň toplumy bar.Hususan-da, kitaphanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlerimize we edermen alabaýlarymyza bagyşlanan kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu eserler dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, halkara ähmiýetli kitaplara öwrüldi.
Bu ýerde goýlan kitaplaryň hatarynda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” atly eserler bar.Milli Liderimiziň bu ajaýyp işleri döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny alamatlandyryp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, gadymy däpleri hem-de döredijilik zehini barada söhbet açýar.
Kitaphananyň baý kitap gaznasynyň bardygyny bellemek gerek.Kitaphana doly derejede kompýuterleşdirildi.Munuň özi okyjylara elektron kitaphana serişdelerine, ylmy we usulyýet edebiýatlaryna bolan elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanan döwürleýin metbugat neşirleri bar.
Mundan başga-da, kitaphanadaky ýörite internet-saýtlarynyň, olaryň üsti bilen metbugat neşirleri, “Behişdi ahalteke atlary” we “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnallarda ýerleşdirilen makalalar, gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilipdir.
Kitaphananyň üç dilde hereket edýän elektron saýty ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky gündelik maglumatlar, halk döredijiliginiň eserleri bilen baýlaşdyrylyp durulýar.Döwlet Baştutanymyzyň eserlerinden dürli rowaýatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
Kitaphananyň işine täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyryldy.Bu bolsa kitaphananyň okyjylarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, bu ýerde hünärmenleriň atşynaslyk we itşynaslyk babatda netijeli işlemekleri, alymlaryň ahalteke bedewleridir türkmen alabaýlary baradaky bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Bu bolsa degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.Soňra dabara gatnaşyjylar binanyň ikinji gatyna galyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.Merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki degişli enjamlar bar.
Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Soňra merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi.
Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.
Assosiasiýanyň başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün bu halkara guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny belledi.Onuň düzümine täze agzalar kabul ediler, ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşurylar. Şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty kesgitlener hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, degişli çözgütler kabul ediler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda şu ýyl ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçilýär diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri özüniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir.Türkmen alabaýlaryň eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar.
Soňra assosiasiýanyň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän “Türkmen alabaýy” eserinde: “Alabaý — biziň milli buýsanjymyz.Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy.Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy.
Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip belläp geçişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi.Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär.Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.
Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp, halkara derejä eýe boldy.
Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny bilelikde geçirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek karar edildi diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan itşynaslarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde iň gadymy itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi. Ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de wepadarlygyny giňden dünýä ýaýmak; daşary ýurt döwletlerinde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän we saklaýan taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak assosiasiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedowyň guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we “Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti” we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürdi.
Foruma gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi.Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.
Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär.Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.
Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli gymmatlygy we baýlygy bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça pudagyň berk binýady emele getirildi.
Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala getirilen arassa ganly türkmen alabaýlarynyň baş sanyny köpeltmek hem-de milli itşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýewe söz berildi.Ol özüniň çykyşynyň başynda çärä gatnaşyjylary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän şanly seneler we wakalar — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şonuň ýaly-da öňde durýan beýleki milli baýramlar we olar mynasybetli paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döwrebap merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe assosiasiýanyň agzalarynyň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Olaryň tagallalary ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilendir.
Milli itşynaslygy ösdürmek babatyndaky giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu täsin tohumyň arassalygyny saklamaga, onuň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyny düýpli öwrenmäge ýardam edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, bu gün pederlerimizden miras galan, şonuň bilen baglanyşykly däpleri öwrenmek üçin örän uly mümkinçilikler bar.
Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby taryhy mirasymyz bolan türkmen alabaýyny öwrenmekde, döwrebap esasda dikeltmekde hem-de wagyz etmekde çelgi bolup hyzmat edýär.Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan köp sanly arheologiýa tapyndylary, şonuň ýaly-da gadymy golýazmalar bu tohumyň gadymylygyna hem-de gelip çykyşyna şaýatlyk edýär.
Bu ajaýyp eserde bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslygyň gadymy usullary olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge mynasypdyr.Bu kitap türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşandyny açyp görkezýär.
Soňky ýyllarda Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň çäklerinde türkmen alabaýynyň antik döwre degişli heýkeljikleri tapyldy.Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň Beýik Seljuklar zamanasyna degişli kerpijiň ýüzüne basylan yzlary, Gökdepe etrabyndaky Şährihaýbar ýadygärliginden “Tazyguýruk” nagşy çekilen küýze bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy.
Mundan başga-da, nepis sungat bolan türkmen halysyna çitilýän “Güjük yzy” nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol baradaky maglumatlar Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly täze döredilen žurnalynyň ilkinji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi.
Golaýda türkmen alabaýlaryna degişli ýene bir etnografiýa barlagy geçirildi hem-de täze ylmy açyşlar edildi.Has takygy, türkmen haly we dokma sungatynda duş gelýän gadymy nagyşlaryň biri bolan It ýatak nagşynyň taryhy yzlary ýüze çykaryldy.
Bu täsin nagşyň iň gadymy nusgasynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan ybadat otagynyň diwaryna çekilen suratda duş gelýändigi anyklanyldy.Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepe arheologiýa ýadygärligi Jeýtun medeniýetine, has takygy, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişlidir.
Pessejikdepe dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda diwaryň ýüzüne çekilen iň gadymy awçylyk pursadyny beýan edýän nakgaş eseri bilen meşhurdyr.Hut şeýle mazmunly diwara çekilen surat eseri Türkiýäniň Çatalhöýük ýadygärliginde hem duş gelýär. Ýöne Pessejikdepedäki surat eseri has gadymydyr hem-de köp reňk öwüşginliligi bilen mesaňa tapawutlanýar.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin A.Baltaýewe sagbolsun aýdyp, foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibara söz berdi.
Murat Kibar hemmeleri ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň häzirki zaman merkeziniň açylmagy bilen gutlady.Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilenden soňra, geçen gysga wagtyň içinde giň gerimli işler ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşigi geçirildi.Murat Kibar assosiasiýanyň ähli agzalaryna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Mekan Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini gaýtadan dikeltmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, häzirki we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenler alabaý itlerine hemişe uly sarpa bilen garapdyrlar.Arkadag Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” diýen kitabynda olar barada buýsanç bilen ýazýar.Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň ulanylmaga berilmegi, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň binalarynyň gurulmagy halkymyzyň milli baýlygy bolan alabaýlar baradaky yzygiderli aladanyň aýdyň subutnamasydyr, bu işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
M.Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan türkmen bedewleri hem-de alabaýlary barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň “Узбекский волкодав” tohumlaryny gorap saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow sanly ulgam arkaly çykyşynda bu assosiasiýanyň işiniň daşary ýurtly itşynaslarda uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy.
Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: edermen türkmen alabaýy özüne mahsus aýratynlyklary bilen iň nusgalyk, dünýäde has köp ýaýran tohumlaryň biridir, onuň meşhurlygy barha artýar.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň itşynaslygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň işine mynasyp baha berilmegi itşynaslyk hünäriniň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Akobir Şukurow bu assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şöhratyny belende götermek boýunça alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň “Kawkaz itleriniň janköýerleri” jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ilham Gazimzade sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Ol maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet derejesindäki milli mirasy gorap saklamaga gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady.Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bu babatda möhüm waka boldy.
Ilham Gazimzade türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň ählisiniň adyndan milli Liderimize bu guramanyň işine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady we olara öz işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://metbugat.gov.tm/blog?id=2566