Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

Düýn paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi.Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.

Assosiasiýanyň başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün bu halkara guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny belledi.Onuň düzümine täze agzalar kabul ediler, ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşurylar. Şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty kesgitlener hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, degişli çözgütler kabul ediler.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi.Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.

Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär.Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekýär.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi