Halk Ýaranlygy Mejlisde Esasy Köplüge Eýe Boldy

Halk Ýaranlygy Mejlisde Esasy Köplüge Eýe Boldy

14-nji maýda geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Halk ýýaranlygy TBMM-de esasy köplüge eýe boldy.

Halk ýaranlygy sesleriň 49,35 göterimini alyp, TBMM-de 322 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Adalat we ösüş partiýasy AKP 266, Milletçi hereket partiýasy MHP 51, Ýeniden Refah partiýasy ÝRP hem 5 halk deputaty bilen täze döwürde TBMM-de wwekilçilik eder.

Sesleriň 35,18 göterimini alan Millet ýaranlygy bolsa Mejlisde 212 halk deputaty bilen wekilçilik eder.

Respublikan halk partiýasy JHP 168, Gowy partiýa hem 44 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Saýlawa JHP-nyň sanawy bilen giren Saadet partiýasy 10, Dewa partiýasy 13, Gelejek partiýasy 10, Demokrat partiýa hem Mejlisde 3 kürsä eýe boldy

Ýaşyl çepçi partiýa ÝSP 61, Türkiýe işçi partiýasy TİP hem 4 halk deputaty bilen mejlisde wekilik eder.

Ýene degişli makalalar

Halk Ýaranlygy Mejlisde Esasy Köplüge Eýe Boldy
Russiýa Kursk Hüjümi Günbataryň we ABŞ-nyň Goldawy Bilen Guralandygyny Öňe Sürýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”