Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!

Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly harby ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaraly pursatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümi hormatly Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýüzlenip, şu taryhy gün halkymyzyň öňünde, Berkarar Watanymyzy soňky demine çenli gözleriniň göreji ýaly gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Dabaraly harby ýörişi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň birleşdirilen batalýonlary düzdi. Edermen Watan goragçylary Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy! şygaryň astynda buýsanç bilen nyzamly ýöräp geçdiler. Munuň özi geljekde Watan goragçylarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerip, diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza ygrarly boljakdyklaryny görkezdi.

Milli goşun.

Ýene degişli makalalar

Daýhan yhlasly toprak bereketli
“Edermendir ogul-gyzyň, Jan Watanym Türkmenistan!”atly dabara
Türkmenistanyň Prezidenti Jan Watanym Türkmenistan! atly täze goşgy ýazdy
Köne zibil poligony Mary Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny bökdeýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynda işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...