Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy bilen bagly çäreler giň gerimde dabaralanýar.
Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan eserler sungatyň dürli ugurlarynda döredilýär. Geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde, aýdym-sazly dabaralarda, şahyr-ýazyjylaryň, alymlaryň duşuşyklarynda, döredilýän täze sahna eserlerinde, kinofilmlerde döredilýär dana Pyragynyň döredijiligi barada täze maglumatlar, setirlerinde ömürlik ýaşaýan pelsepeler barada gyzykly söhbet edilýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän halk teatrlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrýan çeper sahna eserleri bagtyýar watandaşlarymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda Magtymguly, sözlär tili türkmeniň atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär.
Magtymguly Pyragynyň asyrlaryň ýaň salan eserlerini hem-de ata Watanymyzyň ýeten şöhratly üstünliklerini wasp etmek maksady bilen geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem-de welaýatyň Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň döwrebap medeniýet öýünde geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan döredijilik toparlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň esasynda Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoly bilen bagly durmuşy wakalary, şeýle hem şygyr äleminiň ägirdiniň adamzadyň ruhy baýlygyna öwrülen şygyrlarynyň pelsepe-taglymatyny giňden wasp etdiler.
Hususan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ÝaşlarWatanyň daýanjy, Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet, Gahryman Arkadagymyzyň Ynsan kalbynyň öçmejek nury, Türkmen medeniýeti, Medeniýet halkyň kalbydyr atly eserlerinde beýan edilýän çuň manyly maglumatlaryň esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini täzeçe çeper garaýyşlar bilen şöhlelendirdiler.
Halk teatrlarynyň bäsleşige hödürlän sahna oýunlary mowzuk we çeperçilik taýdan tapawutlanyp, olara tomaşa eden oba zähmetkeşleriniň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Boldumsaz etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň sahnalaşdyran Magtymguly Pyragyköňülleriň çyragy atly sahna oýnunda ajaýyp zamanamyzda beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsini öwrenmekde ýurdumyz tarapyndan edilýän tagallalaryň waspy ýetirilýär.
Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllary ilki dogduk obasy Gerkezde, Buharadaky Gögeldaş, Hywadaky Şirgazy medreselerinde ylym-bilim öwrenmek bilen geçýär. Şundan ugur alnyp, Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň halk teatry Ykbally bendäniň paýy gözel sen atly sahna oýnunda Magtymgulynyň Gerkezde geçen çagalyk döwrini, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatry Dürler hazynasy atly sahna oýnunda beýik söz ussadynyň Buharada okan ýyllary, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň Hywada atly sahna oýnunda bolsa şahyryň Hywada ýaşan we okan döwründäki täsirli wakalary täsirli sahna wakalarynyň üsti bilen teatr tomaşaçylaryna hödürlediler.
Akdepe etrabynyň Andalyp şäherçe medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik toparynyň dramaturg G.Kakabaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyran Magtymguly Pyragy atly bäş görnüşli sahna oýnunda dana Pyragynyň adamzada ýüzlenip, ýazan serlerinde watanperwerlik, berkarar döwlet, dünýäde parahatçylyk, asudalyk hem halklaryň agzybirligi ýaly mowzuklardan ýazan şygyrlarynyň çuň manysy çeper wakalar arkaly beýan edilýär.
Şabat etrabynyň Adalat geňeşligindäki oba medeniýet öýünde hereket edýän halk teatrynyň Magtymguly aýlanyp ýör dünýäni atly sahna eserinde beýik şahyryň zergärçiligi janlandyrylyp, onda ýaşlarymyzy watansöýüji, merdana, zähmetsöýer, päk ahlakly edip terbiýelemekde milli mirasymyzyň orny sahnanyň üsti bilen çeper beýan edilýär.
Köneürgenç etrap medeniýet ölüminiň halk teatrynyň Halk ýadynda, hakydada Pyragy hem-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet öýüniň halk teatrynyň Kitap rowaýaty atly sahna oýunlary belli ýazyjymyz N.Saryhanowyň Kitap atly hekaýasy esasynda sahnalaşdyrylyp, onda beýik söz ussadynyň şygyrlar diwanyna sada oba ýaşulysynyň köşekli düýä çalşyşy janlandyrylýar.
Bu sahna oýunlarynda ýaşlarda Watana, il-güne, pähim-paýhasa, kitaba hormat goýmak ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemekde okyjylyk medeniýetiniň ähmiýet tekrarlanýar.
Daşoguz welaýatynyň halk teatrlarynda hem-de drama toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň belli sungat ussatlary hem-de tejribeli artistler hem gatnaşdylar. Munuň özi, artistleriň arasynda aktýorlyk ussatlygy, sahna dili, sahna hereketi ýaly ugurlarynda tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi. Döredijilik gatnaşyklaryny, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly eserleri sahnalaşdyrmagyň aýratynlyklary barada pikir alyşmalar guraldy.
Bäsleşigiň emin agzalary Akdepe etrabynyň Andalyp şäherçe medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik toparynyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň sahna eserleriniň çuň mazmunly we aýratyn täsirlidigi bellenildi hem-de degişlilikde 1,2,3-nji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşan döredijilik toparlaryna hem-de aýratyn tapawutlanan artistlere Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.
Medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!