Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda Sahna ussatlygy — ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy atly bäsleşik geçirildi.
Teatrlaryň işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi.
Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde halk teatrlarynyň arasynda Bereket etrap medeniýet bölüminiň halk teatry birinji, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk teatry ikinji, Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hazar şäherçesiniň Döwürdeş halk teatry üçünji orunlara mynasyp boldular.
Halk gurjak teatrlarynyň arasynda bolsa Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk gurjak teatry birinji, Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň Ýartygulak halk gurjak teatry ikinji orunlary eýelediler.Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik işgärlerine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda geçirilen bäsleşik welaýatymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gurlup ulanmaga berlen medeniýet öýlerinde zähmet çekýän döredijilik işgärleriniň, şeýle-de halk teatrlarynyň zehinli artistleriniň ýerine ýetirýän çykyşlarynyň many-mazmunynyň milli we döwrebap gözlegler bilen baýlaşýandygynyň, döwrümiziň belent ruhuny açyp görkezýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.