Ýakynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Halk sazy fakultetiniň Halk saz gurallary hünäriniň talyby Osman Sapargeldiýewiň ýekelikdäki konsert çykyşy geçirildi.
Ýaş zehinli talyp konsertde Karl Pinonyň Sonata, Arno Babajanýanyň meşhur Elegiýa, Nury Halmämmedowyň Dutaryň owazy hem-de Gurban Kulyýewiň täzeden işlemeginde türkmen halk sazy Durdy bagşy ýaly saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Osman duet eserleri şu ýylyň uçurym talyby Şyhmyrat Ataberdiýew bilen bilelikde A.Ippolito Iwanowyň Obada, N.Halmämmedowyň Aýgytly ädim kinofilmi üçin ýazan Aýna atly aýdymynyň heňi sazlaşykly ýerine ýetirdi.
Konsert dabaraly ýagdaýda örän gyzykly geçip, mekdebiň müdiri we mugallymlary Osmany ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen gutlap, gül desse çemenlerini berdiler we ýadygärlik surata düşdüler.
Ýatlatsak, Osman ilki bilen saz bilimini kakasy Jumageldi Sapargeldiýewden şu mekdepde, soňra Ahal welaýatynyň merkezinde ýerleşýän Nury Saryýew adyndaky çagalar sazçylyk sungat mekdebinde bolsa Nizami Kasimiden alýar.
Ol 2017-nji ýylda bolsa Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk sungat mekdebine okuwa girip, bu ýerde Bagdagül Hudaýkulyýewanyň synpynda okap, ony 2021-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.
Şol ýyldan häzire çenli bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halk saz gurallary kafedrasynyň halypa mugallymlaryndan saz tälimlerini alyp, hünärini kämilleşdirýär.