Halk partiýasy ýeňiş gazandy

Premýer-ministr Hun Seniň dolandyrýan Kamboja Halk Partiýasy (KHP) 23-nji iýulda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada partiýanyň resmi wekili Sok Eisan mälim etdi. Resmi netijeler entek yglan edilmese-de, Sok Eisan netijeleri ýekşenbe güni agşam tassyklap, munuň KHP üçin ýene bir uly üstünlikdigini aýtdy.

-Biz bu saýlawlarda ýeňiş gazandyk, ýöne entek orunlaryň sanyny sanamadyk. Bu hakykatdanam ilatyň KHP-äniň ýolbaşçylygyna bolan ynamyny ýüze çykarýar diýip, ol “Sinhua” habarlar gullugynyň habarçysyna aýtdy.

Milli Assambleýanyň (parlamentiň aşaky palatasy) 125 agzasyny saýlamak üçin her bäş ýyldan bir gezek geçirilýän saýlawlara jemi 18 syýasy partiýa gatnaşdy. Ýekşenbe güni agşama çenli Milli saýlaw geňeşi tutuş ýurt boýunça býulletenleri sanamagyny dowam etdirdi. Resmi netijeler 9-njy awgustda mälim ediler.

Bu parlament saýlawlary 1993-nji ýyldan bäri ýurtda ýedinji gezek geçirilýär. 2018-nji ýylda geçirilen öňki saýlawlarda KHP Milli Assambleýadaky 125 ornuň hemmesine eýe boldy. KHP 1979-njy ýyldan bäri Kambojada dolandyryjy partiýa bolup gelýär.

Ýene degişli makalalar

Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy
Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi
Kambojanyň hökümeti köçelerdäki tanslara garşy göreşýär
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Türkmen diplomaty Kambojanyň Patyşasy bilen duşuşdy