HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA

HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA

Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini taýýarlamak we ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparynyň işleri depginli dowam edýär.

Guramaçylyk topary öz işini Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda başlady.Halk Maslahatynyň Karary bilen nobatdaky mejlisiň senesi we geçiriljek ýeri kesgitlenildi.Halk Maslahaty şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriler.

Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenjek meseleler şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gozgalan meselelerden ugur alar.

Şonda esasy garalan ugurlar Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipelerden ybarat boldy. 2024-nji ýyl üçin Maksatnamanyň hökümetiň ozalky ýyllarda gazanan üstünliklerine daýanýandygy bellenildi. Şol döwürde ykdysadyýeti guramagyň, dolandyrmagyň we goldamagyň oýlanyşykly tejribesi emele geldi.

Maksatnamanyň esasy wezipeleri: ykdysady, senagat we önümçilik häsiýetli maksatlardan, söwda we hyzmatlar ulgamlaryny ösdürmek babatdaky maksatlardan, durmuş ugurlaryna degişli maksatlardan, ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, oňaýly işewürlik ýagdaýyny döretmek, döwlete degişli däl ulgamy ösdürmek üçin umumy çärelerden ybarat boldy.

Şeýle hem şonda Gahryman Arkadagymyz kanunçylygy kämilleşdirmek, sanly ulgam arkaly döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, ilaty durmuş taýdan goramagy hem-de sebitleri ösdürmegi höweslendirmek ýaly ulgamlarda kanunçylygy seljermegiň wajypdygyny görkezdi.

26-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiň mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimize Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Guramaçylyk toparynyň mejlisinde öňde boljak çäräniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Gulmanowa ýurdumyzda döwletiň durmuşynyň dürli ugurlary boýunça kanunçykaryjylyk işi işjeň alnyp barylýar. Häzirki wagtda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen bilelikde hereket edýän hukuk namalaryna seljerme berilýär hem-de zerur bolan hukuk taýdan düzgünleşdirmäni üpjün etmek üçin täze kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berlen maglumaty diňläp, möhüm talaplara laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady hem-de ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri işjeň dowam etmäge çagyrdy.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparynyň baş maksady döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga hem-de milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmäge halk wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmekde jemlenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Estoniýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Efiopiýanyň ilçisi işe başlady
Daniýa Patyşalygy Türkmenistana täze ilçi belledi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belgiýa Patyşalygynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi