Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 1-nji noýabrda geçirilen mejlisinde parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa häzir “Türkmenistanyň Halk maslahaty hakyndaky” Kanunyň kabul edilmegi baradaky dokumentleriň taýýarlanylýandygyny habar berdi.
Ýaşulular maslahatyny garaşylmadyk ýerden gaýtadan yzyna, Halk maslahatyna öwürmek baradaky karar Maslahatyň 9-njy oktiýabrda bolan soňky mejlisinde aýan edildi.
Mundan ozal ne resmi metbugatda, ne-de beýleki çeşmelerde bu hili üýtgetme barada habar berilmänsoň, Ýaşulular maslahatyny gaýtadan yzyna, Halk maslahatyna öwürmek karara hem Türkmenistanyň ilatynda, hem halkara ekspertlerinde düşünmezlik döretdi.
Halk maslahatynyň döredilmeginiň taryhy we onuň göz öňünde tutan maksatlary turuwbaşdan düşnükli bolmandy.Onuň agzalary, düşnüksiz kriteriýalar esasynda, häkimiýetiň ähli şahalarynyň wekillerinden etrap, şäher we welaýat häkimlerinden, deputatlardan we dürli derejeli ministrlerden düzülipdi.
Halk Maslahata emeldarlardan başga, “halk wekilleri” ýaşulylar, býujet edaralarynyň işgärleri, telekeçiler hem seçilip alnypdy.Halk Maslahaty döwletiň ýokary wekilçilikli organy diýlip yglan edilipdi, ýogsa adatça parlament şeýle bolýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň, 2008-nji ýylda, Halk maslahaty Ýaşulular maslahaty diýlip atlandyryldy we ol ähli kanuny ygtyýarlyklaryndan mahrum ediipldi.
Indi bolsa, 10 ýyl geçenden soň, ozal ýatyrylan organ, haýsydyr bir sebäplere görä, döwlet ýolbaşçylaryna özüniň giň gerimli ygtyýarlyklary bilen gaýtadan gerek boldy.
Munuň ýurt üçin nämäni aňladýandygyna we prezidentiň bu organa gaýtadan dolanmak bilen nähili maksatlarynyň bardygyna düşünmek üçin Türkmenistanyň Hronikasy” ekspertlere şeýle soraglar bilen ýüz tutdy:
— Saparmyrat Nyýazow “Halk maslahatyny” nähili maksatlar bilen esasynda döretdi?
— Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň bu organy näme üçin ýatyrdy?
— “Halk maslahaty” näme üçin gaýtadan dikeldilýär we bu näme sebäpden häzir edilýär?
Men “Halk maslahatyna” hemişe nähilidir bezeg hökmünde garadym”
Hukuk goraýjy, “Türkmenýurt” saýtynyň baş redaktory we “Ýanardag” halkara ekspertler merkeziniň prezidenti Geldi Kärizow:
Men “Halk maslahatyna” hemişe nähilidir bezeg hökmünde garadym. Mejlislere gatnaşýan ýaşulularyň ählisi bolubilse diňe aktiýordy, men olara dürli köpçülik çärelerinde yzygiderli gabat gelerdim. Men Mejlisleriň birine gatnaşanymda, maslahat ses berende, olaryň Saparmyrat Nyýazowy ömürlik prezident diýip ykrar etmek üçin damak ýyrtyp gygyranlaryny hem gördüm.
“Halk maslahaty” daşarky tomaşaça, ýagny, Türkmenistandaky dürli ilçilere we umuman halkara jemgyýetçiligine režimiň demokratiki ýörelgelere daýanýandygyny ynandyrmalydy. Ýerli ilat üçin bolsa, ol haýsydyr bir täze ideologiýanyň ýolbeledi boldy.
Ozalky kommunistik, soňra demokratik diýlip täzeden gurlan partiýa örän gowşakdy we bu wezipäniň hötdesinden gelip biljek däldi.Maslahat üçin seçilip alnan adamlar il içinde tanalýan, atly-abraýly we täsirli adamlardy.
Nyýazowyň bu guraly käbir kanunlardan aýlanyp geçmek üçin ussatlyk bilen peýdalanandygyny hem bellemek gerek. Mysal üçin, haçanda mähelle Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda güman edilip tussag edilenleri jezalandyrmagy talap edip, “Ölüm! Ölüm!” diýip gygyranda.
Şeýle-de Nyýazow bu ýygnagy türkmen medeniýetiniň bir bölegi hökmünde görkezmäge çalyşardy.Türkmen halkynyň taryhynda hakykatdanam käbir maslahatlar geçirilipdir.Mysal üçin, Nurberdi han Gökdepe söweşiniň öňüsyrasynda şeýle maslahata çagyrypdyr.
Emma bir ýagdaýa düşünmek zerur.Ol döwürde türkmenleriň özbaşdak döwleti ýokdy.Häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan aýry-aýry tireler bardy we şeýle maslahatlar olaryň ol ýa-da beýleki ýagdaýda etmeli hereketlerini ylalaşmak üçin gerekdi.
Bu maslahat Nyýazowyň döreden görnüşinde türkmen halkynyň taryhyna hiç hili laýyk gelmeýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen wagtynda bu organyň eýýäm belli bir derejede agramy bardy we ol täze prezidentiň egnini ýazmagyna zeper ýetirip biljekdi.Berdimuhamedow Halk maslahatynyň il içinde iň täsirli we abraýly agzalaryndan dynmak hem-de onuň diňe hususan, diýen ediji wekillerini alyp galmak isledi, “Halk maslahatynyň” esasynda döredilen organa Ýaşulular maslahatyna bolsa başga, has ygrarly ýaşulularyň saýlanmagyny isledi.
Mundanam başga, kast ediş synanyşygy hadysasyndan, maslahatyň agzalary tussag edilenlere ölüm jezasynyň berilmegini talap edip gygyranlaryndan soň, “Halk maslahatynyň” agzalarynyň elleri gana batypdy diýsek-de bolar. Ol ýazgarylan adamlaryň meselesi bolsa, halkara gözegçileriniň, şol sanda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlaryň köpüsi tarapyndan ýygy-ýygydan gozgalyp durulýardy.
Berdimuhamedowy “Halk maslahatyny” gaýtadan döretmeklige iteren zat halkara jemgyýetçiligini öz režiminiň demokratikdigine ynandyrmak islegidir. Sebäbi öňki synanyşyklar netijesiz boldy we demokratik döwletleriň baştutanlary ony hatda soňky saýlawlardaky ýeňşi bilen hem gutlamadylar.
Dünýäniň ösen ýurtlarynda özüniň ähli häkimiýeti öz elinde jemlän adam hasaplanmagy Berdimuhamaedowa ýaramaýar, şol sebäpden ol Türkmenistanda demokratiýanyň bardygyny subut etmek üçin diňe ýaşululary däl, eýsem ilatyň ähli gatlagyny hem öz içine alýan “Halk maslahatyny” täzeden döretdi.
Bu oňa halkara jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde kanuny durum bermeli, sebäbi indi ony diňe ýaşulular däl-de, hamana, ähli halk goldar.
Häzir Berdimuhamedowa “Olary diri görkeziň” kampaniýasy bilen baglylykda basyş güýçlenýär.Ol öz wagtynda Nyýazowyň jenaýatlaryny öz üstünden aýryp bilýärdi, emma muny etmedi.Mundanam başga, häzir daşarky dünýäden üzňe saklanýan täze syýasy tussaglar peýda bolýar we olaryň atlary hem türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň sanawyna goşulýar.
Indi bolsa, “Halk maslahatynyň” kömegi bilen ýene ähli jenaýaty halkyň erk-isleginiň üstüne atyp bolar.
“Halk maslahaty” Nyýazowa parlamentiň üstünden kontrollyk etmek üçin gerek boldy”
Türkmenistanyň (bosgunlykdaky) Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow:
“Halk maslahaty” Nyýazowa mejlisiň üstünden kontrollyk etmek üçin gerek boldy.Başda ol hökümet başlygynyň wezipesini ýatyrdy we Ministrler kabinetine ýolbaşçylyk etdi.Soňra kanun çykaryjy häkimiýetiň, ýagny parlamentiň hem ýolbaşçylygyny öz eline geçirmegiň aladasyny etdi. (Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwletiň demokratik gurluşyna laýyklykda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy şol bir wagtda kanun çykaryjy häkimiýete hem ýolbaşçy bolup bilmeýär .
Redaktoryň belligi).
Netijede, ýokary wekilçilikli (parlamentden ýokary) organa öwrülen “Halk maslahatynyň” shemasy oňa şeýle mümkinçilik berdi. Sebäbi, Halk Maslahatyna onuň özi ýolbaşçylyk edýärdi.
Maslahatyň agzalygyna deputatlaram, dürli welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerem, ýaşulularam çekildi we bu ýagdaý Nyýazowa mejlisde öňe sürülýän inisiatiwalaryň prezidentden däl-de, halkdan gelýändigini, kararlaryň halkyň razylygy we goldamagy bilen kabul edilýändigini tassyklamaga mümkinçilik berdi.
Nyýazow “Halk maslahatynyň” kömegi bilen özüniň ikuçly ideýalaryny we bikanun kararlaryny öňe sürdi. Mysal üçin, Maslahatyň mejlisleriniň birinde, Konstitusiýa ters gelýändigine garamazdan, ol ömürlik prezident bolmak hukugyny aldy.
Elbetde, parlamentiň başlygy Nyýazowa garşy gitmäge het edip biljek däldi we Mejlisiň zerur bolan ähli kararyny çykardyp biljekdi, ýöne bu ýagdaý köp wagt we artykmaç tagalla talap edýärdi.
Kimdir biri teklip bilen çykyş etmelidi, soňra parlament bu teklibi maslahatlaşmalydy we ahyr netijede karar kabul etmelidi. “Halk maslahatynda” bolsa, bu hili işleriň hemmesi az salymda, örän tiz wagtda amala aşyrylýardy.
Mundanam başga, kanun çykaryjy organ prezidente barha kän ygtyýarlyk berse, bu has gülkünç görünjekdi.
Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelip, bir tarapdan öz mirasdarynyň syýasatyny dowam etdirjekdigini tassyklady, ikinji tarapdanam, ol halkara jemgyýetçiligine üýtgeşiklik we özgerişlik getirmäge taýýardygyny görkezmelidi. Şu sebäpden ol maslahaty doly dargatman saklap galdy. Emma onuň ähli ygtyýarlyklaryny ýatyryp, ýokary wekilçilikli organy geňeşçi organa öwürdi.
Häzir Berdimuhamedowyň öz kürsüsinde berk oturan wagtynda we onuň bilen döwlet ýolbaşçysy hökmünde ýokary derejede Russiýa, Hytaý we beýleki ýurtlar gatnaşyk edýän mahalynda, ol öz kanuny durumyna hiç bir howp-hatar duýmaýar we meniň pikirimçe, Nyýazowyň “Halk maslahatynyň” manysyna we berýän artykmaçlygyna diňe indi düşünip başlaýar.
Şol bir wagtda men “Halk maslahatynyň” gaýtadan döredilmegi baradaky kararyň kabul edilmegini krizis ýa haýsydyr bir içerki tolgunyşyklar bilen baglanyşmaýaryn.Meniň pikirimçe, ol islendik ýagdaýda, iru-giç bu karara gelerdi.
“Halk maslahatynyň” bolmagy birbada Konstitusiýanyň birnäçe maddasyna garşy gelýär”
“Gündogar” habar saýtynyň baş redaktory Baýram Şyhmyradow:
“Halk maslahaty” superdemokratik institut, jemgyýetçilik öz-özüň dolandyryş organy hökmünde oýlanyp tapyldy we Saparmyrat Nyýazow onuň kömegi bilen özüniň halka we halk däplerine nähili ýakyn durýandygyny görkezmek isledi.
Hakykat ýüzünde bolsa bu institutyň hukuk durumy turuwbaşdan hem köp sowal döretdi. Beýle organyň bolmagynyň özi hem birbada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň birnäçe maddasyna, hususan-da 4-nji maddasyna garşy gelýärdi. Sebäbi bu madda häkimiýetiň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we sud häkimiýetlerine bölünmek prinsipini jar edýär.
“Halk maslahaty” Konstitusiýada esasy goýlan bölünişik prinsiplerini, özbaşdaklygyny, deňarmlylygyny we özara saklaýyş düzgünini bitaraplaşdyryp, häkimiýet organlary sistemasyna görnetin deňagramsyzlyk getirýärdi.
Adyna garamazdan, “Halk maslahaty” hakykatda halk maslahaty däldi we iş ýüzünde prezident tarapyndan işe bellenilýän emeldarlardan düzülýärdi. Şol bir wagtda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy bolmak bilen, prezident “Halk maslahatynyň” başlyk hökmünde özi tarapyndan gol çekilýän kararlaryna boýun bolmalydy. Bu dünýä taryhynda başga deňi-taýy bolmadyk özboluşly bir ýagdaýdy.
Ekspertler “Halk maslahatyny” “diktatoryň hak-hukuga garşy inisiatiwalaryny kanunlaşdyrýan baş organ” diýip häsiýetlendirdiler we bu kesgitleme bilen ylalaşmazlyk mümkin däl.
Berdimuhamedow häkimiýet başyna hukuk nukdaý nazaryndan örän şübheli, dil düwüşmek we döwlet agdarylyşygy bilen diýseň ýanaşyk proseduralar netijesinde geldi.Oňa halkara jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde bolup geçen zatlardan soň gyssagly suratda özüni aklamak gerekdi. Şu sebäpdenem ol Türkmenistanda reformalar barada söz açdy hem-de olaryň iň esasylarynyň biri häkimiýet organlary sistemasyndaky reforma boldy.
Netijede, Berdimuhamedow Nyýzow režiminiň sütünleriniň biri bolan “Halk maslahatyny” ýatyryp, serhetden aňyrdan öwgi paýyny aldy we öz ýurdunda goldaw tapdy.
“Halk maslahatynyň” gaýtadan dikeldilmegi barada aýdylanda, bu hili karara hiç bir paýhasly düşündiriş ýok we ol dolulygyna netijesiz. Ol döwlete zyýandan başga hiç bir peýda getirip bilmez. Bu ýerde başga düşündiriş berere hiç zat ýok.
Ruslan Tuhbatullin