27-nji sentýabrda Tokioda Nippon Budokan söweş sungaty zalynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde çäre geçirildi. Merhumy hatyralamak çäresine 4,5 müňe golaý adam, şol sanda 34 sany döwlet baştutany hem-de 14 sany öňki döwlet baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistandan bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bardy.
28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. Ýaponiýanyň Hökümet Baştutanynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Akasaka köşgünde geçirilen duşuşykda Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowa medet beriji sözleri hem-de pajygaly ýagdaýda aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.