Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutlady

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa täze kitabynyň çap edilmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy:

Çuňňur hormatlanylýan

Türkmenistanyň Prezidenti!

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerinde Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabyňyzyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek barada alyp barýan döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun! --- diýip belleýär.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklary jemgyýetiň häzirki zaman sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär.

Täze taryhy döwürde milli mertebäniň, buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly türkmen taryhy, maddy we ruhy mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär.Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç, milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýar.Pähim-paýhasyňyzdan dörän eseriňizde Siz: Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleri, medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýarsyňyz.

Siziň “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar — Bagabat — Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitabyňyzda çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabaralandyrylýar.

Döwürleriň, nesilleriň arabaglanyşygy, ýurdumyzyň her bir raýatyna dahylly bolan gymmatlyklary goramak, geljek nesillere ýetirmek uzak möhletleýin geljekde döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň we ynamly öňe gitmegiň esasy şerti bolup çykyş edýär.

Siziň bu kitabyňyzyň eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidini öňe ilerletmekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasyndan däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasyndan hem orun aljakdygyna pugta ynanýaryn --- diýip, Gahryman Arkadag gutlag hatynda ýazýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda gadymy türkmen halkynyň ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýandygyny, her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde-de esasy orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Hakyda göwheri döredijilik ylhamy
Türkmenistanda Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli ylmy duşuşyk geçirildi
TÜRKMENISTAN — GADYMY SIWILIZASIÝALARYŇ OJAGY ATLY HALKARA YLMY DUŞUŞYK