Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag iberdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa 7-nji aprelde ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, gutlag hatynda şeýle diýilýär:

"Çuňňur hormatlanylýan Turkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglyk we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri --- sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, türkmen sportunyň abraýynyň dabaralanýan, döredijiligiň, ylhamyň we zähmetiň gaýnap joşýan döwri. Beýik ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrümizde saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, sport we bedenterbiýe hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Siziň baştutanlygyňyzda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň sebitlerinde hem iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň we şypahana ulgamynyň binalarynyň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda Döwlet adam üçindir!, Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen ýörelgeden ugur alýan syýasatyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan işleriňiziň netijesinde, körpe nesil bagtyýar şu gününe buýsanyp, geljege uly ynam bilen garaýar. Siziň ýolbaşçylygyňyzda häzirki wagtda ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň ýolbaşçylygyňyzda täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek däpleri has-da dabaralanýar. Türkmen jemgyýetinde täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de giňden makullamagyna eýe bolýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek atly Kararnamanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny "Bütindünýä welosiped güni" diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Şu wakalaryň hormatyna Köpetdagyň eteginde Welosiped binasynyň gurulmagy ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da şöhratlandyrýar.

Saglygy goraýşy ösdürmekde ýurdumyzda dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ilatyň saglygy we abadançylygy hem-de bähbidi göz öňüne tutulyp, üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite güwänamalaryň gowşurylmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň alyp barýan işleriniň ýokary netijelidigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli --- Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak we bejermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bitarap Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, bu guramalaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülmegi we türkmen türgenleriniň sport bäsleşiklerinde, olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda şatlykly dabaralara beslensin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!".

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar
Täze banknotlar gymmat bahadan satyldy
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýalar geçirildi