Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Gutlag iberdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy, hususan-da, şeýle belleýär:

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Siziň gatnaşmagyňyzda Köpetdagyň gözel tebigatly künjeginde geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy.

Parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň şäherine halkara sylaglaryň 20-den gowragynyň gowşurylandygy örän buýsandyryjydyr.Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerine, binagärlikde, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmakda, ekologik abadançylygy üpjün etmekde gazananlaryna berýän ýokary bahasyndan nyşandyr.

Täze taryhy döwrümizde Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir.Bu iri taslama ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir.Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesini alan bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan akylly şäheriň aýdyň nusgasydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk taslamalary halkymyzyň şöhratly geçmişiniň dowamaty, bagtyýar şu gününiň nusgasy, nurana geljeginiň güwäsi hökmünde äleme ýaň salýar.Bu ajaýyp mekanda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ata-babalarymyzyň häzirki nesillere miras galdyran döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň beýanyny tapýar.Muny Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde bina bolan döwrebap şäherleriň, obalaryň gurluşyklarynyň tejribesinde görmek diýseň guwandyryjydyr.

Arkadag şäheriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde-de ilkinji akylly şäher hökmünde abraýy barha artýar.Türkmenistany syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn goşant goşan şahsyýetlere uly sarpa goýmagyň nyşany hökmünde bu ýerdäki ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş edaralaryna olaryň atlarynyň dakylmagy çuňňur oýlanyşykly, pähim-parasatly çözgüt boldy.

Arkadag şäheriniň gözel binalary, belent ymaratlary ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolup dabaralanýar.Halkymyzyň arzuw-umytlarynyň myradyna gowuşýan zamanasynda döwletimiz gülläp ösýär, halkymyza ýeneki täze sepgitler, nurana geljek garaşýar.Bu künjekde ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ugurda halkara tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy arkaly gurlan ylym, bilim, medeniýet merkezleri akylly şäheriň ýokary derejeli halkara forumlaryň, maslahatlardyr duşuşyklaryň, festiwallaryň geçirilýän ýerine öwrülmegini şertlendirýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen täze şäheriň geljekde has uly rowaçlyklara ýetjekdigine, belent mertebä eýe boljakdygyna ynanýaryn. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary hem bu hakykaty tassyklaýar.Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň hatarynda köp sanly durmuş-jemgyýetçilik we inženerçilik-tehniki desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik toplumlarynyň bolmagy şäheriň geriminiň barha giňeljekdigini, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň dörediljekdigini aýdyň görkezýär.

Agzybir halkymyz bu günki gün eşretli durmuşyň hözirini görüp, belent maksatlaryň myrat tapýan döwründe, asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de uly ösüşleri gazanyp, ynamly öňe gitjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini BMG-den gelen hoş habar bilen gutlady