Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, şeýle hem täze şäheriň “Saglyk” seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan --- Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak boýunça meýilleşdirilen işler, Aşgabat --- Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylarynyň, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideriniň zehininden dörän “Arşyň nepisligi” atly kitabynda beýan edilen haly we haly önümleriniň gölleriniň, nagyşlarynyň şekilleri öwrenilip, olar boýunça birnäçe bezeg serişdeleriniň öndürilendigi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli bolmagynyň we gurluşyklaryň batly depginlerde dowam etmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şunda Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini alyp barmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanýandygy barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän işleriň häzirki zamanyň gurluşyk-inženerçilik talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi