Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. Ozal bu wezipäni golaýda Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenen M.Taganow ýerine ýetirýärdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýdi Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.