Halk Maslahaty täze kanunlaryň birnäçesini tassyklady

Halk Maslahaty täze kanunlaryň birnäçesini tassyklady

7-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çykyşlarynda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça geçirilen seljermeler esasynda gelnen netijeler barada habar berildi.

Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlar bar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Onlaýn humar oýunlarynyň meşhurlygy artýar, ýaşlar, uly adamlar müňläp pullaryny ýitirýär
Türkmenistanyň raýatlaryna pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy üçin jerimeler kesgitlenildi
11-nji maýdan başlap, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizlen goşmaçalar we üýtgetmeler güýje girdi
Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere we pyýadalara salynýan jerimeler birnäçe esse artdy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty birnäçe kanuny tassyklady