Halk Maslahaty milli däpleriň gözbaşy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu maslahatyň ägirt uly taryhy ähmiýeti bar.

Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolan Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülipdir.

Türkmen halky hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir.Häzirki taryhy döwürde halk demokratiýasynyň bu hakyky ýörelgesi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär we agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Şu ýylyň 12-nji iýulynda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek barada aýdanlary Diýarymyzda milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Onuň esasy maksady ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr.Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň barşynda onuň agzalygyna wekilleri saýlamak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işde ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine uly orun degişlidir.

Biziň ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, ýurdumyzda iň wajyp syýasy, ykdysady meseleleri çözmek baradaky asylly däpler, kanunçylygymyzy kämilleşdirmek arkaly halk demokratiýasynyň halkyň wekilleri bilen bilelikde amala aşyrylmagy halkyň döwlet dolandyryşyna işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine wekilleri saýlamak boýunça alnyp barylýan işlere guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berlip, ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşup, il içinde halal zähmet çekip, şahsy göreldesi bilen tapawutlanýan, abraýly, mynasyp adamlary saýlamak maksady bilen, obadyr şäherleriň ýaşaýjylarynyň, ýaşulularyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ýygnaklarynda maslahata welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gatnaşjaklary hödürlemek, seçip almak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde öňde duran ählihalk maslahatynyň gün tertibinde serediljek meseleler boýunça raýatlarymyzyň pikirleri, arzuw-islegleri öwrenilýär hem-de gelip gowuşýan teklipleri seljermek, umumylaşdyrmak we beýleki meseleler boýunça yzygiderli işleriň geçirilmegi dowam etdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, öňde duran ählihalk maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekdäki, milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmekdäki, türkmen döwletiniň syýasy-jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmakdaky, raýat jemgyýetini berkarar etmekdäki taryhy ähmiýeti hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin çykyşlar edilýär, tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlikler guralýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Konstitusion Kanunyň düzgünlerini, maslahatyň taryhy ähmiýetini halkymyza giňden düşündirmek barada yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri we türkmen halkynyň taryhy we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşdirilmeginde ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize, milli Liderimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Serdar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahaty döwletli tutumlara badalga
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň düzümine kimler girýär?
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Aşgabat halkara howa menzili Halk...