Her ýyly Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa şu günlerden taýýarlyk görülmelidigi barada tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda
20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi. Kabul eden Karara laýyklykda bu umumy milli formy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzy ähli babatynda ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde, Watanmyzyň abraý mertebesini dünýä ýüzinde arşa galdyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişli. Çünki maslahatly biçilen don gysga bolmaz diýlişi ýaly ýurdymyzyň durmuşyna degişli ähli meseleler halk köpçüligi bilen ara alnyp maslahatlaşyp, degişli çözgütler kabul edilýär. Ýurdymyzda garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri berkitmek, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini üpjün etmek ýaly möhüm meseleleri halk köpçüligi bilen ara alnyp maslahatlaşmak,olary üstünlikli çözmek ýaly wezipeleri kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti uly bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýnuň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti dogrysynda etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilelikde ilat arasynda wagyz-nesihat ýygnaklary geçirilýär.
Geçirilýän duşuşyklarda, maslahatlarda Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edilýär.Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdymyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, maslahatlary bermekde, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny abadançylygyny berkitmekde Berkarar döwletimizi beýik özgerişler ýoly bilen ýokary depginlerde ösmeginde, kuwwatlanmagynda Halk Maslahatynyň tutýan orny barada buýsançly söhbetler edilýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi Watanmyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny tassyklaýar.Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdymyzy ähli babatynda ösdürilmeginde döwletli tutumlara badalga bolar.
Ata Watanmyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, etrap halk maslahatynyň agzasy.