Orsýetiň Ýokary kazyýeti 25-nji noýabrda, Baş prokuraturanyň şikaýaty boýunça, “Memorial” (Halkara Memorial) taryhy-aň-bilim jemgyýetiniň işine seretmäge başlady. Ozal habar berlişi ýaly, daşary ýurt agentleri” sanawyna girizilen “Memoriala” ýapylmak howpy abanýar. Kazyýet diňlenişiginiň indiki mejlisiniň 14-nji dekabrda geçiriljekdigi aýdyldy.
Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnowyň pikiriçe, bu gurama daşary ýurt agentleri baradaky kanuny yzygiderli bozýar, ýagny, öz ýaýradýan materiallarynda kanun tarapyndan talap edilýän degişli belligi goýmaýar. Adam hukuklaryny goraýjylar häkimiýetleriň hereketlerini syýasy basyş hökmünde häsiýetlendirýärler we, şol bir wagtda-da, rus häkimiýetleriniň bu guramany ýapmak üçin ýeterlik kanuny esaslarynyň ýokdugyny öňe sürýärler.
“Memorial” jemgyýeti Orsýetiň iň baýry adam hukuklary guramalarynyň biri bolup,1989 njy ýylda akademik we adam hukuklary aktiwisti Andreý Saharowyň gatnaşmagynda döredildi.Bu guramanyň işiniň esasy ugry stalinçilik repressiýalarynyň pidalarynyň hatyralaryny gorap saklamakdan ybaratdy.
Mundan başga, "Memorial" jemgyýeti syýasy tussaglaryň hem hukuklaryny goraýar we türkmenistanlylar bu jemgyýetiň alyp barýan işleri bilen esasan hukuk goraýjy Witaliý Panomorýowyň ýolbaşçylygyndaky Merkezi Aziýa programmasynyň çap edýän materiallary esasynda tanyş.
Soňky döwürde “Memorial” daşary ýurtlarda aktiwleşen türkmen aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan howp-hatarlary barada hem yzygiderli maglumat berýär. Biraz öň bolsa “Memorial” türkmen türmelerindäki aýylganç şertler barada çap eden söhbetdeşligi bilen türkmen we rus häkimiýetlerini rahatsyz’ edene meňzedi.
Öňki SSSR-iň taryhynda uly terror’ diýip at alan tutda-baslyklar başlanaly bäri geçen 80 ýyl gowrak wagtdan soň hem, repressiýa edilenleriň garyndaşlary özleriniň döwlet terrorynyň pidasy bolan garyndaşlary hakda maglumat gözleýärler we olar hakyndaky hakydany dikeltmäge we saklamaga çalyşýarlar diýip, Azatlygyň Rus gullugynyň bu tema bagyşlanan giňişleýin makalasynda bellenilýär.
Neşiriň tassyklamagyna görä, “Halkara Memorial” olara bu meselede esasy kömek berip biljek gurama boldy we indi, Orsýetdäki syýasy-ykdysady meseleleriň fonunda, ýapylmak howpy astyna düşdi. “Memorial” bilen bilelikde onuň Permädäki bölümi, şeýle-de, adam hukuklaryny goraýan Merkezi Aziýa gözegçilik programmasy hem ýapylyp biler.
Biz bu meseleler, hususan-da halk hakydasy, döwlet terrorynyň pidasy bolan adamlaryň öz dogan-garyndaşlarynyň başyna düşen işleri bilmek islegi hemde awtoritar häkimiýetleriň bu meseledäki pozisiýalary barada Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş bolýarys.
Azatlyk radiosy: - Hudaýberdi aga, rus häkimiýetleri näme üçin birden “Memorialyň” daşyna geçip başladylar. Ýa bu birden hem dälmi?Bu soragy soraýanymyň sebäbi, ozal Orsýetde esasan garaşsyz metbugat serişdeleri ýanalýardy we indi gezek mundan ozal resmi taýdan boýun alnan repressiýalaryň pidalarynyň hatyrasyna, olar hakyndaky hakydanyň saklanmagyna hem gelip ýetdi.
Rus intelligentleriniň käbiri häzir bu ýurtda bolup geçýän zatlary orta asyrlara dolanmak bilen deňeşdirýär.Siziňçe, häkimiýetler näme üçin birden hakyda meselesinde beýle dowla düşdüler?
Hudaýberdu HALLY: Bu ýerde iki sebäp bar, olar “Memorialyň” öňde goýýan iş maksatlaryndan gelip çykýar.Birinjiden, geçen asyryň 30-njy ýyllarynda başlanan “uly terror” tä 50-nji ýylyň başyna çenli adamlary ýanamak, gyrmak, tasa gelmejek aýyplamalar bilen aýyplap ýok etmek işleri dowam etdi. “Memorial” şol ägirt uly hakydanyň üstüni açýar, esasy işi şol.
Ikinji tarapdan, “Memorial” syýasy tussaglary goldaýar, olara arka durýar.Bu iki mesele biri-biri bilen örän berk bagly, şonuň üçinem “Memorial” şu iki meseläni bile alyp gitmese bolanok.
Indi ilkinji meselä dolansak, 1956-njy ýylda şol “uly terroryň” pidalaryny aklamak barada [Kommunistik partiýanyň] Merkezi Komitetiniň karary boldy. Şondan soň köp adamlary akladylar.Sürgün edilenlerden diri galanlary yzyna gaýdyp geldiler.
Meselem, bizde halk tarapyndan gowy tanalýan ýazyjy Hydyr Derýaýew, edebiýatçy hem terjimeçi Bagşy Jürmenek, Oraz Abdalow ýaly adamlar yzyna gaýdyp geldiler. Ýöne beýleki adamlar barada maglumat ýokdy.Sebäbi SSKP-niň XX gurultaýynda Nikita Hruşewiň eden doklady-da şol döwürde ýapykdy, tä Perestroýkanyň soňky ýyllaryna çenli şol doklady, partiýanyň aýdyp beren sözünem halkdan ýaşyryn saklap geldiler. “Memorial” şu meselede ägirt uly iş etdi, köp-köp arhiwleriň üstüni açdy. Ýöne soňky döwürde Russiýa ýene-de stalinçilik döwrüne dolanyp barýar.
Häzir Russiýada Atom energiýasy hem atom bombasy barada açylan muzeýde, Lawrentiý Beriýanyň heýkeli goýlupdyr.Sebäbi Orsýetiň öňki SSSR-iň atom ylmynyň ýa-da atom energiýasynyň we bomba-ýaraglarynyň düýbüni tutanlaryň biri Lawrentiý Beriýa diýilýär. Şonuň bilen birlikde, Staliniň belli bir derejede aklanandygyny aýtmak gerek, Staliniň suratlary-portretleri bar, Staliniň döwrüni, aýratynam geçen Watançylyk urşy ýyllaryny tankytlamak gadagan, hatda Moskwada Beriýanyň adyna naharhana açyldy, onda “Beriýadan şawurma” diýip, nahar satdylar.
Russiýada stalinizme dolanmak meýilleri güýçlenip barýar. “Memorial” şuňa garşy durýar, şuňa päsgel berýär.Ikinji bir tarapdan, soňky döwürde, belki, öňem şeýledir, syýasy tussaglaryň sany artdy.Syýasy tussaglar gün-günden artyp barýarlar. “Memorial” guramasy şol syýasy tussaglary goldaýar, şolara arka durup, aklawçylar bilen üpjün edýär ýa-da şolaryň maşgalalaryna kömek edýär. “Memorialyň” şu hyzmaty-da rus hökümetine ýaranok, şol iki möhüm mesele sebäpli “Memorialy” aradan aýyrmak ýok etmek meselesi öňde durýar.
Azatlyk: - Hudaýberdi aga, rus piketçileriniň biri golaýda “Halkyň hakydasyny öldürmek bolmaýar. Biz gedaýçylykda, hukuksyz we tasdan umytsyz mydar edýäris” diýen şygary galdyryp, öz nägileligini bildirdi. Gysgaça aýdylsa, tebigy serişdelere baý, ýöne esasan korrupsiýa sebäpli agyr syýasy-ykdysady ýagdaýa düşen ýurtda halk hakydasyny öldürip, awtoritar dolandyryşyň ömrüni uzaltmak mümkinmi? Internet asyrynda öňki sowet döwründe gazanylan tabynlygy gazanyp bolarmy?
H.HALLY: Meniň pikirimçe, belli bir derejede mümkin.Sebäbi Russiýanyň esasy mümkinçiligi kuwwaty tebigy gazyň hem-de nebitiň üstünden gelýär, örän baý magdan çeşmelerinden, gazylyp alynýan baýlykdan gelýär.
Emma Russiýada oba hojalygy gaty çökdi, pese düşdi.Eger ýadyňyzda bolsa, biki ýyllykda Russiýa bilen Polşanyň arasynda gaz etini satyn almak meselesinde dawa döräpdi. Şonda Russiýa sen biziň syýasatymyzy goldamasaň, Polşadan gazyň etini satyn almagy goýbolsun ederis’ diýdi.
Şu ýylyň tomsunda Russiýa Türkmenistandan pomidor satyn alýandygyny aýtdy.Türkmenistandan gelýän pomidorlarda Latyn Amerikasyndaky haýsydyr bir keseliň bardygyny, şol pomidorlaryň arassa däldigini aýtdy. Şeýdibem Türkmenistana haýbat atdy.Diýmek, Russiýanyň üpjünçiligi bir kiçijik ýurt Türkmenistana-da belli derejede bagly bolup durýar.
Russiýanyň halkynyň gündelik sarp edýän serişdeleri onuň özünde az, olar ýeterlik däl. Şonuň üçinem halkyň ünsüni başga tarapa sowmaly; meselem, Russiýada iň güýçli prezidentiň bardygyny aýtmaly, Russiýada iň güýçli ýaraglaryň bardygyny, olaryň tehnikasynyň dünýäde taýsyzdygyny aýtmaly. Şol pikirler rus telewideniýesinde öňe sürülýär, ýöne Türkmenistan babatynda aýdylanda, Russiýanyň şol öňe sürýän pikirleri öňki ýaly, türkmenleriň arasyna doly gelenok, sebäbi Türkmenistanda telewizion alyp görkeziliş işlerinde-de bökdençlik bar.
Ýöne, meselem, Täjigistan ýaly Russiýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan döwletlerde Russiýa hem onuň harby güýjüne örän uly ähmiýet berilýär hem hormat goýulýar. Russiýa “Memorialy” gysmak bilen şol öňki bolup geçen hem şu ýaňy-ýakynda bolan taryhy ýok etmek bilen özüniň şu günki ideýasyny öňe sürmek isleýär.
Azatlyk: - Orsýetden Türkmenistana geçeliň.Bilşimiz ýaly, döwlet terrorynyň pidalarynyň hatyrasyny dikeltmek meselesinde Türkmenistanda Orsýetdäkä garanda juda az iş edildi we bu ugurdaky tagallalar, ýagny arhiwleriň açylmagy, kazyýet işleriniň öwrenilmegi baryp Saparmyrat Nyýazow döwründe togtadyldy.
Ikinji tarapdan, Türkmenistanda Stalin döwründäki repressiýa usullary, adamlary özüne we garyndaşlaryna, islendik adama garşy görkezme bermäge mejbur etmek praktikasy, başgarak görnüşlerde we bölekleýin saklanyp galdy diýip, ýerli hünärmenler aýdýar.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda türkmen telewideniýesi elleri gandally we özlerini ýazýarýan tussaglary aglaýan şekilde görkezip başlady.Ozaly Nyýazow döwründäki çemeleşme hakynda aýtsaňyz, näme üçin şonda arhiwleri açmakdan ätiýaç edildi?
Bu kime we näme üçin gerek boldy?
H.HALLY: Bu Nyýazow döwründe hökümetde bar bolan adamlara gerek boldy.Eýýäm Nyýazow döwründe öňki döwlet ýolbaşçylarynyň çagalary hökümete gelipdiler, ýagny şol öňki ýolbaşçylaryň 2-nji nesli hökümetdedi.
Bu, elbetde, hut Nyýazowyň özüne degişli däl, ýöne beýlekileriň ählisi öňki çinownigiň ogly, gyzy ýa-da şonuň iň ýakyn garyndaşydy, şolar ýaly adamlar hökümete geldiler. Ýadyňyzda bolsa, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda iň tanyş adamlar barada aýdylanda, professor Mäti Kösäýewiň tussag edilmegi ýa-da akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň tussag edilmegi barada çeper eserler ýazyldy. Şol kitaplary gaty gysgaltdylar, içinden köp maglumatlary aýyrdylar, bir ýöntemje zat edip köpçülige berdiler, şondan soňam şol işi doly togtatdylar. Ýöne muny biziň intelligensiýamyzyň güýjüniň pesliginden görýän.
Men öňräk Gyrgyzystanda boldum.Paýtagt Bişkegiň günorta-gündogar tarapynda, “Ata beýt” diýen ýer bar, şol ýerde öň kerpiç zawodynyň çukury bar eken, kerpiç üçin şo ýerden gum alýan ekenler. 37-nji ýylda şol çukura elip, tussag edilen adamlary atypdyrlar.
Gije maşyn-maşyn getirip, şol çukura taşlaýan ekenler. Şony gözi bilen gören bir gyzjagaz ahyrynda çydap bilmän gelip, hökümete aýdypdyr.Ol gürrüňem agyzdan-agza geçip, ýazyjy Çingiz Aýtmatowa ýetýär. Çingiziň tagallasy bilen şol ýer açylypdyr.
Gözüňe ynanar ýaly däl, adamlaryň aýagynda galoş bar eken, öýünden tutulyp alnyp gidenlerinde, aýagy galoşly adamlary basypdyrlar. Şol galoş galypdyr, o bendeleriň süňki-eti eräpdir.Ine, ol adamlaryň üsti açyldy.
Türkmenistan barada aýdanymyzda, şol agyzdan-agza geçip gelýän gürrüňlere görä, Aşgabadyň gündogar tarapynda, häzir ol şäheriň merkezi diýen ýaly, Ýer-gurluşyk tehnikumy bardy, şonuň ýanynda-da gonamçylyk bardy.Bir aýdylýan maglumata görä, 37-nji ýylda tutulanlar şol ýere eltilip atylypdyr, şol ýerde-de gömlüpdir. Ýöne, ine, şeýle faktlaryň üsti açylmady bizde. Şony açmaga ýardam etmek islän adamlar soňra dymmaga mejbur bolupdyrlar.
Biziň intelligensiýamyz, öňde baryjy gatlak’ diýýänlerimiz şol meseleleriň üstüni açyp bilmediler.Olar ýapyklygyna galdy.Sebäbi hökümete şol döwürde öňki hökümeti dolandyranlaryň 2-nji nesli geldi.Bir fakty aýdaýyn, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň resmileriniň telefon sanawy bardy [mende], ol ýerde kimleriň oturany we telefonlary ýazylgydy. Şol telefon sanawyň familiýalary öňki belli adamlaryň çagalarydy.
Azatlyk: - S.Nyýazow ýogalandan soň, türkmen metbugatynda başga pikirlilere garşy aýdylýan zoňtar sözler azaldy, sebäbi bu ozaly döwletiň ejizligini, aýdýan zatlaryna deliliniň ýokdugyny görkezýär diýip, synçylar aýdýar.Emma tussaglara özüni näletletmek usuly saklanyp galdy. Ýogsa türkmen kanunlary adamyň özüne we garyndaşlaryna garşy beren görkezmesiniň ýuridiki güýjüniň ýokdugyny aýdýar.
ikinji tarapdan, halkara jemgyýetiligi bu praktika stalinçilik görelde, gorkuzma sudlarynyň gaýtalanmasy hökmünde seredýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan ilat sany boýunça iň kän tussagly ýurtlaryň biri boldy.Siziňçe, bu ýerde esasy sebäp nämede?
H.HALLY: Ýene-de öňki meselä dolansak, öňki ýolbaşçylaryň çagalary hökümete dolanyp geldiler.Türkmenistanyň häzirki prezidenti Sowet Soýuzy döwründäki milisiýanyň podpolkowniginiň ogly.Ol öz kakasynyň adyna orden döretdi, ol orden bilen ilkinji nobatda öz ogluny sylaglady, öz ýakynlaryny, iň gowy görýän adamlaryny sylaglap gelýär.
Bularyň tejribesi şeýle, bularda başga bir tejribe ýok.Bularda demokratiýa gitmäge erkinlik, gaýrat, iň esasy-da batyrlyk ýetenok. Şonuň üçinem olar köne usuly peýdalanýarlar, şol köne usul bilenem ýurdy dolandyrýarlar.
Adamlary, aýratynam öz golaýlaryny biri-birine garşy goýýarlar.
Biziň [ýaşlyk] döwrümizde Pawlik Morozow diýip bir gahryman bardy.Pawlik öz kakasyny bolşewiklere ýamanlap, onuň kulakdygyny, baý adamdygyny aýdan oglan.Halka-da şol oglany ideal edip görkezýärdiler.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň günbatar tarapynda Pionerler köşgi bardy, örän bir görnükli ýerde. Şol köşge-de “Pawlik Morozow adyndaky” köşk diýýärdiler.Bizde şol ideýany ulanmak usuly bar, ýagny oglan öz atasyny ýamanlamaly, ene öz ogluna gargamaly, doganlary, töwerek-daşy başgaça pikir edýän ýakynlaryny ýazgaryp, şolary ýekirmeli.
Ine, şeýle köpçülikleýin, ýagny başganyň dili bilen erkin pikirdäkileri ýazgarmak häzirem Türkmenistanda dowam edýär.Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanda başgaça pikir edýänlere garşy göreşmegiň iň arzan, iň mugt usuly.
Azatlyk: - Orsýetdäki ýagdaýlar, bu ýurduň ozal progres, öňegidişlik bolan işlerden yza çekilmegi Türkmenistandaky ýagdaýyň has agyrlaşmagyna, halk hakydasynyň has berk gadagnaçylyga düşmegine getirermi ýa siz gelýän ýyllarda KGB arhiwleriniň açylmagyna, repressiýalaryň pidalary, bir-birine garşy galp görkezme beren adamlar barada taryhy dokumentleriň çap edilmegine umyt baglaýarsyňyzmy?
H.HALLY: Şu meseläni iki bölege bölüp aýtsam, geljekde KGB arhiwleriniň açyljakdygyna men ynanýan, sebäbi KGB arhiwiniň açylmagy häzirki döwlet ýolbaşçylaryna hiç hili päsgel berenok.Ol Orsýetde-de şeýle, köp dawalar boldy, birnäçe dokumentleri açmajak boldular, ahyrynda Russiýanyň prezidenti bar dokumenti açyň’ diýdi. Şeýlelikde-de ol açyldy Russiýada.
Türkmenistanda-da şeýle boljagyna men ynanýan, sebäbi KGB-niň 30 40-njy ýyllaryň arhiwiniň häzirki döwlet ýolbaşçylaryna hiç bir päsgelçiligi ýok, ol [ýolbaşçy] halkyň arasynda öz abraýyny beýgeltmek üçin, şol maglumatlary açyp biler.
Ýöne aýdyňlyga, erkinlige, söz hem metbugat azatlygyna garşy bökdençlik dowam eder. Sebäbi Türkmenistanda şeýle bir ýagdaýyň dörejekdigine hiç bir esas ýok, umyt ýok. Şonuň üçinem söz erkinligi, metbugat azatlygy ýapyklygyna galar, belki, mundanam ýowuzrak bolar. Ýöne arhiwler açylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.