Halk hakydasy Gökdepe söweşini ýatlaýar

Halk hakydasy Gökdepe söweşini ýatlaýar

Sözümiziň başynda maglumat üçin aýdylsa, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni, Rus imperiýasynyň harby goşunlary general Skobelewiň ýolbaşçylygynda häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasyny syndyrdy, müňlerçe adam wepat boldy.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, her ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde Gökdepe galasynyň synan güni döwlet derejesinde hatyralanyp, hökümetiň hemaýatynda sadakalar berilýärdi, Gökdepe urşunyň hem-de beýleki watançylyk söweşleriniň gahrymanlary we pidalary ýatlanýardy.

Halk Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryny we pidalaryny hatyralaýar Ýöne 2015-nji ýyldan bäri bu sene ýurtda hatyra güni hökmünde resmi derejede bellenmeýär.Oňa derek halkyň ýakyn taryhyndaky gandöküşikli gyrgynçylyklaryň hatyrasy we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň ýasy resmi derejede her ýylyň 6-njy oktýabr güni tutulýar. 6-njy oktýabr garaşsyzlykdan soň, Türkmenistanda Ählihalk Matam güni yglan edilipdi.

Bu 2014-nji ýyldan bäri umumymilli Hatyra güni hökmünde bellenilýär.Türkmenistanda 12-nji ýanwar güni Gökdepe söweşini we beýleki gyrgynçylyklary hatyralamak resmi derejede ýatyrylan hem bolsa bu sene halk arasynda ýylyň-ýylyna bellenip gelinýär.

Bu ýyl hem şeýle boldy. “Geçen ýylam, şu ýylam Türkmenistanda hatyra güni resmi derejede bellenilmedi.Ol hakynda döwlet eýeçiligindäki metbugat, habar beriş serişdeleri, radio we telewideniýe dymdy. Ýöne halkyň özi welin şol hatyra gününi belleýär” diýip, 17-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berdi.

Ol Hatyra gününde diňe bir Gökdepe galasynda däl, ýurduň ähli künjünde uruş gahrymanlarynyň hem-de uruşlaryň pidalarynyň hatyralanýandygyny, olaryň hormatyna aýat-töwwir okadylýandygyny sözüne goşdy. “Türkmenleriň arasynda Hatyra güni özüniň golaýyndaky gonamçylyga baryp, Hudaý ýoly sadaka bermeýän, merhumlaryň ruhuny ýat edip, aýat doga okamaýan türkmen obasy ýok.

Hatyra gününi bellemeklik indi türkmenleriň ählisiniň hakydasyna giripdir. Ähli obalarda bellenilýär.Adamlar ýekabara däl-de tutuş oba bolup üýşüp, umumy gatanç goşup, sadaka, Hudaý ýoly berýärler, aýat-töwür okaýarlar hem-de gonamçylygyň teritoriýasyny arassalaýarlar. Ýene bir ýagdaýy bellemek gerek, 12-nji ýanwar gyşyň edil örküjine düşýändigi üçin käbir obalarda sentýabr-oktýabr aýlarynda-da şol hatyra gününi belleýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen 17-nji ýanwarda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda Hatyra gününiň döreýşi barada şeýle gürrüň berdi: “SSSR-iň dargamagyndan bir ýyl ozal, Gökdepe galasynda bolup geçen söweşi türkmeniň milli senenamasynda Hatyra güni hökmünde bellemeklik karar edildi. Şol karar garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, barha giň gerime eýe boldy.

Gökdepe galasy belli bir derejede dikeldildi, rejelendi.Gökdepede adamlaryň döş gerip, ýurt daşyndan gelen basybalyjylar bilen söweşen ýerinde metjit salyndy” diýip, Bugaýew gürrüň berdi. "Milletiň ogullary", "Baky şöhrat" we "Rugy tagzym" ýadygärlikleri Türkmen hökümeti 2014-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryny Hatyra gününde iň soňky gezek resmi derejede ýatlady. Şol ýylyň 6-nji oktýabr güni Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de beýleki ýokary wezipeli resmileriň gatnaşmagynda “Halk hakydasy” atly ýadygärlikler toplumy açyldy.

Bu toplum “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” we “Ruhy tagzym” atly üç ýadygärlikden düzülýär.Gökdepe söweşinde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygyny ebedileşdirýän “Milletiň ogullary” atly ýadygärligini türkmen metbugaty şeýle düşündirýär: “Bu ýadygärlik Watanymyzyň garaşsyzlygy we azatlygy, milletimiziň mertebesi hem-de ar-namysy ugrunda başyny goýan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligine halk söýgüsiniň we sarpasynyň nyşanydyr” diýilýär.

Onda gerçekleriň haýsy uruşlarda kime garşy göreşendigi agzalmaýar. Ýadygärlikler toplumynyň II Jahana urşuna bagyşlanan bölegi “Baky Şöhrat”, onuň Aşgabat ýertitremesine hatyralamaga bagyşlanan bölümi “Ruhy Tagzym” atlandyrylýar. Ýurt garaşsyzlygyny alandan soň, Türkmenistanda Hatyra gününi 12-nji ýanwarda bellemek ýörite perman bilen döwlet tarapyndan dikeldildi, ýöne 2014-nji ýylda bu sene ýatyrylyp, öten-geçenleri hatyralamak 6-njy oktýabr matam gününe berkidildi.

Halk hakydasy özüniň etmeli işini amal edýär Ýöne muňa garamazdan, hökümetiň 12-nji ýanwarda bellemeýän hatyra gününi halk ýatdan çykarmaýar.Munuň şeýledigini aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Mundan dört ýyl ozal, Türkmenistanda hatyra güni resmi taýdan ýatyryldy.

Hatyra gününe derek, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesi ozal matam güni diýlip yglan edilipdi, ine şol güni hakyda güni, ýagny Ýatlama güni diýip, umumy ähli bolup geçen söweşleri ýertitremesi [hatyralanýan güne] goşdular.

Döwlet tarapyndan kabul edilen perman ýatyrylan hem bolsa halk hakydasy özüniň etmeli işini amal edýär, merhumyny hatyralaýar” diýip, Bugaýew aýtdy.Hatyra gününiň ýatyrylmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolsa sebäpler... 19-njy asyryň aýagynda Rus imperiýasynyň goşunlaryna garşy göreşip, wepat bolan türkmenleri hatyralamak çäresiniň Türkmenistanda resmi derejede ýatyrylan wagty, öňki post-Sowet giňişliginde geosyýasy ýagdaýlaryň üýtgän, has takygy Russiýanyň Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa eden döwrüne gabat gelýär.

Aşgabatly ýazyjy bu barada özüniň “subýektiw” häsiýetlendirýän şahsy garaýyşyny şeýle düşündirdi: “Munuň aňyrsynda uly zatlar bar. 2013-nji ýyldan başlap, Ukraina topragynda gozgalaňlar başlandy. Öňki milli azat ediş hereketleri, öňki gahrymanlary ýatlamak hem-de sosializm döwründe edilen eden-etdilikleri, partiýaň adyna bukulynyp edilen eden-etdilikleri paş etmek prosesi başlandy.

Ine, şol zatlaryň Türkmenistanda-da gaýtalanmazlygy üçin Hatyra güni ýatyrylan bolsa gerek.Bu elbetde, meniň subýektiw çaklamam.Elimde hiç hili tutaryk ýok, ýöne gel-gel şol ukrain wakalary örç alyp başlan wagty 12-nji ýanwarda ýylyň-ýylyna uly ýas hökmünde bellenilýän Hatyra gününiň ýatyrylmagyny diňe şeýle ýagdaýlar bilen baglap bolar. Ýene bir gezek gaýtalaýan bu meniň subýektiw pikirim, elimde ylmy tutarygym ýa-da anyk faktym ýok” diýip, Bugaýew Aşgabatdan gürrüň berdi.

Gökdepäniň öwrenilmegi Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap Gökdepe söweşi baradaky taryhy faktlary içgin öwrenmäge girişildi. 1991-nji ýylda Aşgabatda “Çäç” döredijilik-önümçilik birleşigi Nargylyç Hojageldiýewiň Gökdepe galasy atly taryhy oçerkini çap etdi. Şeýle-de, 1991-nji ýylda Aşgabatda Seýitmyrat Öwezbaýewiň Gökdepe söweşi barada ýazan “Gönübek-Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi” atly eseri Nargylyç Hojageldiýewiň terjimesi bilen çap edildi.

Bu eser ilkinji gezek 1927-nji ýylda “Turkmenowedeniýe” žurnalynyň birinji sanynda çap edilýär. Şeýle-de garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda Gökdepe söweşini gürrüň berýän “Gala” atly spektakl goýuldy.

Patyşa goşunlary türkmen topragyna aralaşýar Patyşa Russiýasy 19-njy asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap, Ahalteke oazisini basyp almagyň küýüne düşüp başlaýar.Munuň bilen baglylykda, 1874-nji ýylyň 31-nji martynda Zakaspi bölümi tarapyndan ýörite uprawleniýe döredilip oňa general-maýor Lomakin naçalnik bellenýär. 1879-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda rus imperatory Ahalteke oazisini basyp almak üçin ýörite ekspedisiýa döretmek barada hödürlenen plany tassyklaýar.

Ekspedisiýanyň öňünde Gökdepäni hem-de Maryny eýelemek wezipesi goýulýar. Şol ýyl rus goşuna 1-nji ekspedisiýa girişýär.Oňa rus-türk söweşinde şöhrat gazanan general-adýutant Lazarew ýolbaşçy bellenýär.

Lazarew 1879-njy ýylyň 23-nji martynda Çekişlere gelýär.Ol patyşa goşunlary Gökdepä birinji gezek hüjüm etmezinden ozal Ahalteke oazisiniň ilatyny özüne boýun synmaga çagyryp, Dykma serdaryň adyna şeýle hat ýazýar: “Men, general-adýutant Lazarew, Ak Patyşa tarapyndan uly goşun bilen sähra ýöriş geçirmek üçin bellendim […] Siziň üstüňize aç-açan barýandygymy mälim edýärin we eger siz uruşmakçy bolsaňyz, men muňa örän şatdyryn […] Kimde-kim Ak Patyşa päk ýürekli hem yhlasly hyzmat etse, men ony goraryn, kimde-kim meniň diýenime boýun bolmasa, men ony ile göz edip jezalaryn.

Mundan ýaňa hatyrjem bolaýyň.Golaý wagtda men öz goşunlarym bilen siziň üstüňize ýöriş ederin.Meniň maslahatymy Ahal tekelerine aýt.Goý, olar men öz ýerlerine baramda, boýun synyp öňümden çyksynlar.

Eger olaryň boýun synyp gelmek niýeti ýok bolsa, onda olara duýduryp goý, soňra hiç zady menden görmesinler.Men diňe siziň zalym hem kakabaş adamlaryňyzy mugyra getirmek üçin barýaryn.[…]” Birinji gezek, 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda rus goşunlary general Lomakiniň ýolbaşçylygynda Gökdepe galasyna hüjüm edýär, ýöne türkmenler patyşa goşunlaryny yza serpikdirmegi başarýar. Ýöne olar munuň bilen doly yza çekilmeýär.

General Skobelewiň ýolbaşçylygynda patyşa goşunlary ikinji gezek 1880-nji ýylyň 23-dekabrynda Gökdepe galasyna onuň günorta-gündogar burçundan hüjüm edýär.Rus goşunlary 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni günortan 11 sagat 20 minutda galanyň günorta-guşluk burçuny dinamit bilen ýarýar.

Taryhy faktlara görä, diňe galanyň partladylan ýerinde azyndan 700 adam ölüpdir. “Hiç kim gutulmady, hatda ýaş çagalar we garrylar-da.Ruslar olaryň hemmesini gylyçdan geçirdiler.Gaçmaga synanyşanlardan 8 000 çemesi adamyň wepat bolandygy aýdylýar, galanyň içinden hem ýene 6 500 adamyň jesedi tapyldy” diýip, Gökdepe söweşiniň gözli şaýady, “London Daily News” gazetiniň habarçysy Edmund O’Donowan ýazýar.

Gala zabt edilýär.Türkmenler boýun synýar.Gökdepe söweşini öwrenen türkmen ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew bu gyrgynçylygy “genosid” atlandyrýar. "Gorka" depesi Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň 19-njy asyryň aýagynda Zakasipiý oblastynyň gazetlerinde çap edilen maglumatlara esaslanyp, habar bermegine görä Skobelew häzirki Aşgabat şäherinde öňki Ministrler Kabinetiniň binasynyň golaýynda ýerleşen bir depäniň üstüne çykyp türkmen hanlarynyň öňünde ýeňiş yglan edýär. Ýazyjynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow rus generaly Skobelewiň üstüne çykyp türkmen hanlarynyň we serdarlarynyň öňünde ýeňiş yglan depesini 1997-nji ýylyň gyşynda aýyrdýar.

Bu depe “Gorka” diýip atlandyrylýardy.Turkmeninform.com saýty öňki “Türkmenistan” myhmanhanasynyň gapdalynda ýerleşen “Gorka” atly depäniň ýykylyşy barada 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda maglumat çap etdi.Onda aýdylmagyna görä, bu depe ondan ozal döwletiň ýörite goragynda saklan ekeni. "Gökdepäniň ýaňy" Türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally 2016-njy ýylda “Gökdepäniň ýaňy” atly çap eden makalasynda Gökdepe söweşi bilen bagly meseleleriň diňe bir taryhy çeşmelerde däl, olaryň sungat eserlerine-de edebi eserele-de siňendigini belleýär.

Ol “Gökdepe mukamy” atly sazyň döredilmegini, ýa-da Gökdepe söweşini janlandyrýan suratlar muňa msal görkezýär.Gökdepe söweşi barada Misgyngylyjyň “Ahyrzaman” atly elegiýasynda türkmen halkynyň duçar bolan agyr güni, onuň ahy-nalasy şeýle suratlandyrylýar: “Eý, Huda-ýa, toba kyldym, bu ne apatdan nyşan, El-aman, heý, el-aman, sakla belalardan aman, Arşy-kürsi, lowh-galam, asman-zemin eýlär pygan, Bu musulman nalyşyga ýer ýüzün aldy duman, Arasat gopdy bu gün, mühminlere ahyrzaman” Ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň toplan maglumatlarynda dünýä belli rus ýazyjysy Dostoýewskiýniň Gökdepäniň alynmagy barada Gündeliginde galdyran setirlerine orun berilýär: “Gökdepe alyndy, tekeler derbi-dagyn edildi, entek ählisi boýun egmedigem bolsa, biziň ýeňşimiz şübhesizdir.

Jemgyýet hem metbugat şowhun edýärler.Mundan öňräk bolsa jemgyýetde hem-de metbugatda bu işe örän parhsyz seredipdiler” diýip, Dostoýewskiý ýazýar.Ol Skobelewiň ýeňşiniň ak patyşa üçin nähili ähmiýetlidigini nygtaýar.

Dostoýewskiý Gündeliginde galdyran ýazgylarynda Gökdepede boýun synan türkmenleri “gazaply hem boýunegmezek” halk atlandyrýar: “Skobelewiň ýeňşi bilen tutuş Aziýanyň iň çet künjeklerine çenli: “Ine, ýene bir, hamana, gazaply hem boýunegmezek dindar halk ak patyşa boýun boldy” diýen gopgun gaty çalt ýaýrady.

Goý, ol millionlap halklar, tä Hindistana çenli, hatda Hindistanyň özünde hem ak patyşany ýeňip bolmaýandygy we onuň gylyjynyň synmazdygy baradaky ynam össün. (…) Ol halklaryň öz hanlary, emirleri bolup biler… Goý, halyf bolsun, ýöne ak patyşa halyfyň hem patyşasydyr.

Hut şeýle ynamy hem ornaşdyrmalydyrys” Häzir taryh kitaplarynda öwrenilýär Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Gökdepe söweşiniň, galyberse-de türkmeniň taryhyndaky beýleki söweşleriniň häzirki döwürde tas diňe taryh kitaplarynda agzalýandygyny gürrüň berdi: “Gökdepe urşy umumybilim berýän mekdepleriň Türkmenistanyň taryhy dersinde öwrenilýär.

Birem ýokary okuw jaýlarynyň taryh fakultetinde şu öwrenilýär. Ýöne şolarda öwrenilende-de ähli zat bolşy-bolşy ýaly dogruçyl beýan edilmeýär.Anyk mysal ikinji rus harby ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk eden general Skobelew 1873-nji ýylda Gazawat begliginde ýomutlaryň gyrgynçylygyna-da gatnaşan adam. 1873-nji ýylda Skobelewiň polkownik diýen harby çini bar ekeni.

Ol Kaufmanyň ýolbaşçylygyndaky rus harby jeza beriji ekspedisiýasynyň düzüminde polk komandiri hökmünde hereket edipdir.Bu zatlar Russiýa Federasiýasynyň özüniň taryhynda öwrenilýär, ýöne näme üçindir türkmenler özleriniň taryhyny, Gazawat söweşiniň taryhyny ýazanlarynda general Skobelewiň polkownik derejesinde gatnaşyp, ýurduň demirgazygynda ýaşaýan türkmenleri gyrgyna salandygyny, soňra şondan ara bary-ýogy ýedi ýyl çemesi wagt salyp gelip ýurduň orruk orta arasynda, Ahalda türkmenleri gyrgynçylyga salandygy hakynda doly maglumat berlenok” diýip, Bugaýew aýtdy. Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň köpçülikleýin metbugat we media serişdeleri hem Gökdepe söweşini agzanda ätiýajy elden bermeýär. "Milli Goşun" we Gökdepe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli Goşun” atly elektron žurnalynyň “Harby taryh” sahypasynda Parfiýa döwletiniň goşuny, ýa-da gylyçlaşmagyň türkmen nusgalary, Alp Arslanyň Kawkaza ýörişi ýa-da bolmasa şuwlaýan oklar barada makalalar çap edilipdir, ýöne olaryň hiç haýsysynda Gökdepe söweşi barada kelam agyz gürrüň edilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar tapgyr 10-njy ýyl Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar
Syýasy repressiýalar we 'uzaga çeken üzňeligiň özleşdirilmedik' sapaklary
XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy
Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri