Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan adyndaky gaznanyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldy

Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan adyndaky gaznanyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldy

5 — 7-nji noýabr aralygynda Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular. Bu barada HHM habar berdi.

Çeşmede bellenişi ýaly, bu çäre Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim boldy.

Wekiliýetiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň müftüsi bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Saparyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, iki ýurduň arasynda medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gaznanyň wekilleri Aşgabat şäherindeki Şehitler metjidine baryp gördüler.Myhmanlar metjit bilen baglanyşykly taryh we däp-dessurlar bilen tanyşdylar.Soňra, wekiliýetiň agzalary BAE-niň merhum Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahýanyň adyny göterýän Döwletliler köşgüne bardylar.

Ol ýerde myhmanlar arap dili, informatika we beýleki dersleri öz içine alýan okuw maksatnamasy we bu ýerde terbiýelenilýän çagalaryň bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de olara mekdep kitaphanasy hem görkezildi.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda wekiliýet Gypjakdaky Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun alan gadymy Nusaý ýadygärliklere hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Abu-Dabide türkmen-emirlikler syýasy geňeşmesi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy