Halal Expo 2024 halkara sergisi Türkmenistanyň telekeçilerini oňa gatnaşmaga çagyrýar

Halal Expo 2024 halkara sergisi Türkmenistanyň telekeçilerini oňa gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň telekeçileri 2024-nji ýylyň 27-30-njy noýabry aralygynda Stambulda (Türkiýe) geçiriljek iň iri halal önümleriň pudagynyň Halal Expo halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar diýlip,TSTB-niň saýtynda habar berilýär.

Türkiýäniň Prezidentiniň howandarlygynda Istanbul Expo Center binasynda geçirilýän çäre türkmen öndürijilerine halal önümleriniň halkara bazarlaryna çykarmak we dürli ýurtlardan geljek hyzmatdaşlar bilen işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin aýratyn mümkinçilik berer.

Sergi şu aşakdaky dürli pudaklary öz içine alýar, hususan-da:

• Azyk önümleri we içgiler; • Dokma we egin-eşik; • Kosmetika önümleri; • Lukmançylyk harytlary we hyzmatlary; • Syýahatçylyk hyzmatlary.

Geçen ýyl bu sergä 100-den gowrak ýurtdan kompaniýalaryň 30 müňden gowrak wekilleri gatnaşdy we serginiň maksatnamasynyň çäklerinde 2000-den gowrak işewürlik duşuşyklary geçirildi.

Serginiň guramaçylary gatnaşyjylara forumyň çäklerinde doly goldaw we ýardam berýärler, şol sanda Türkiýäniň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň iri söwda ulgamlarynyň wekilleri bilen B2B-duşuşyklary geçirmek mümkinçiligi bilen hem üpjün edýärler.

Ýene degişli makalalar

Gözellik serişdeleleri haçan oýlanyp tapylypdyr?
Berdimuhamedow krizis döwri Aşgabady abadanlaşdyrmagy’, Kosmetika merkezini gurmagy tabşyrdy
Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildi
Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň girewi
Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň girewi