Halajyň nah ýüplük egriji fabrigi şu ýylyň başyndan bäri 1 müň tonnadan gowrak taýýar önümi Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Özbegistan we Russiýa ýaly ýurtlara eksporta iberdi. Munuň özi ýylyň başyndan bäri kärhanada öndürilen önümiň deň ýarysyna dünýä döwletlerinden hyrydar tapylandygyny görkezýär. Häzirki wagta çenli bu ýerde öndürilen ýokary hilli nah ýüplügiň möçberi 2 müň 300 tonnadan hem geçdi.
Kärhanada Germaniýanyň, Şweýsariýanyň kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji maşynlarynyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde, her günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bolsa pagta arassalaýjy kärhanalardan getirilýär.
Çeşme: “Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky sany