Halajyň hassahanasynda “ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelle goýar ýaly däl”

Halajyň hassahanasynda “ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelle goýar ýaly däl”

Lebap welaýatynyň Halaç etrap hassahanasyndaky hyzmatlaryň we şertleriň hili köp raýaty kanagatlandyrmaýar. Ýakynda bu hassahanada ýatyp, saglyk bejergisini alan halaçylylaryň birnäçesi arassaçylyk şertleriniň örän gözgynydygyny aýdýar. Şeýle-de, olar “sowgat, para bermedik” näsaglara talaba laýyk bejergi berilmeýändigini belleýärler. Bu barada halaçly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Näsaglar üçin niýetlenen ýataklar juda köne, olardaky ýorgan-düşekleriň arassaçylyk ýagdaýy olardan hem beter. Ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelläňi goýar ýaly däl. Kirden başga-da, olara ýakymsyz ys, şol sanda dermanlaryň ysy siňipdir” diýip, ýakynda bu hassahanada saglyk bejergisini alan halaçly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol sowet döwründe gurlan lukmançylyk edarasynyň hajathanalarynda hem arassaçylyk düzgünleriniň kadaly üpjün edilmändigini, olarda kagyzyň, el ýuwmak üçin sabynyň we antiseptikleriň ýokdugyny hem belleýär.

“Näsaglar däri-dermanlary, arassaçylyk zerurlyklaryny we azygy öz hasabyna üpjün etmeli bolýarlar. Döwletden hiç zat ýok. Maddy ýagdaýy bolmadyk näsaglar ölüp gidibermeli diýen ýaly” diýip, ýagdaýlardan habarly halaçly başga bir ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Mundan başga-da, halaçlylar şepagat uýalaryna “sowgat, para bermeseň”, sanjymlaryň öz wagtynda urulmaýandygyny hem belleýärler.

“Sanjymyň urulmaly wagty gelen bolsa-da, şepagat uýasy gelmedi.Soňra men onuň bolýan otagyna baryp, sanjymyň urulmaly wagtynyň gelendigini’ aýtdym.Ol menden näçe gün hassahanada ýatýandygymy sorady we soňra-da, maňa plan matany getirersiňmi ýa-da 70 manat berersiňmi diýip sorady. Şolary getirseň, wagtynda baryp urjak, bolmasa senden başga-da işim kän diýdi” diýip, ýakynda bu saglyk edarasynda bejergi alan halaçly ýaşaýjy aýtdy.

Ol we onuň ýaly näsaglaryň birnäçesi hyzmatlaryň we arassaçylyk şertleriniň hiliniň ýaramazdygy barada lukmançylyk edarasynyň ýolbaşçylaryna şikaýat bilen ýüzlendiler.

“Olar bize şikaýat etseň, bar, çykyp git-de, öýüňde saglygyňa seretdir. Sanjymlaryňy öýüňe lukman ýa-da şepagat uýasy çagyryp, urdur’ diýdiler” diýip, halaçly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalan hassahanadan we welaýatyň saglygy saklaýyş bölüminden teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerindäki hassahanalarda hyzmatlaryň we arassaçylyk şertleriniň hiliniň ýaramazdygy, olaryň köp raýatyň talabyny kanagatlandyrmaýandygy barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.

Raýatlar esasan 1970-1980-nji ýyllarda gurlan bu hassahanalarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmändiginden, ýorgan-düşekleriň köneliginden, hajathanalaryň hapalygyndan, hat-da käbirleriniň otaglarynyň tagtabitden we saçakçylardan dolulygyndan şikaýat edýärler. Şeýle-de, olar hassahanalaryň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigini, öz hünärini bilýän lukmanlaryň juda azdygyny hem aýdyp gelýärler.

Bu saglyk edaralaryna mysal edip, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Onkologiýa, Inçekeselleri, Ruhy keseller, enäniň we çaganyň saglygyny bejerýän hassahanalary, şeýle-de, Aşgabadyň Nyýazowyň adyny göterýän şäher hassahanasyny agzap bolar.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy. Ýöne raýatlar täze gurlan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerindäki hyzmatlaryň bahalarynyň köpler üçin elýeterli däldigini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri aglabasy paýtagt Aşgabatda ýerleşýän bu lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyny ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler. Ýöne olar ilatyň öňden bar bolan hassahanalardaky şertleriň we hyzmatlaryň hili barada edýän şikaýatlary hakda aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary ýygnalar
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion