Halajyň haly önümleri — Täze ýyla ajaýyp sowgat

Halajyň haly önümleri — Täze ýyla ajaýyp sowgat

Täze ýylyň öňüsyrasy — sowgat berilýän we sowgat alynýan özboluşly döwür. Bu babatda Kümüş Ýüpek hojalyk jemgyýeti garyndaşlaryňyzy we ýakyn dost-ýarlaryňyzy uzak ýyllaryň dowamynda hakydalarda galjak sowgat bilen begendirmegi teklip edýär.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän kärhana gaýtalanmajak öwüşginli çeper türkmen halylaryny we ýadygärlik haly önümlerini öndürmäge ýöriteleşendir.

Halaçly halyçy zenanlar dürli hili haly önümlerini — milli äheňdäki horjunlary, milli göller we nagyşlar bilen bezelen gapjyklary, türkmen milli tumarlaryny, elde dokalýan kilimleri we başga-da dürli hili önümleri dokaýarlar.

Uzak möhlete hyzmat edýän haly önümlerini dokamakda diňe goýun we düýe ýüňleri ýaly tebigy materiallardan peýdalanylýar.

Kärhananyň hünärmenleri şeýle-de özbaşdak sargyt esasynda dokamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler. Bu işde müşderileriň islegine laýyklykda görkezilen nusgalar esasynda haly dokamak nazarda tutulýar.

Özbaşdak islege görä, ýagny ýörite şekil we ölçeg boýunça, şeýle-de milli gölli ýa-da kärhananyň nyşany bilen haly dokatmak üçin Kümüş Ýüpek hojalyk jemgyýetiniň hünärmenlerine ýüz tutmak ýeterlikdir.

Kärhananyň hünärmenleri islendik gyzyklandyrýan sowallar babatda maslahat berýärler hem-de sargydyň aýratynlyklaryny ylalaşmak bilen, siziň üçin dizaýnerlik halyny, horjuny ýa-da dürli hili haly önümini taýýarlaýarlar.

Kümüş Ýüpek HJ-den ajaýyp özbaşdak halylary şu telefon belgilere jaň edip sargyt etmek bolýar: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şunuň bilen birlikde, kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabyndan hem sargyt etmek mümkinçiligi bardyr. Harydyň tölegini nagt ýa-da nagt däl görnüşde tölemek bolýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen gölleriniň nepisligi halaç halylarynda
Kümüş Ýüpek kärhanasynyň halyçylary her otagyň interýerine kybap gelýän halylary döredýärler
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenabatda basketbol ýaryşyny geçirdi
Arassa Kümüş Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ulagy arassalaýyş hyzmatyny hödürleýär
Kümüş Ýüpek dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi