Halabyň Nakkarin Obasynda Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy

Halabyň Nakkarin Obasynda Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy

Siriýanyň Halap welaýatynyň Nakkarin obasynda köpçülikleýin gonamçylyk tapyldy.

Gonamçylykda agdarlan lider Başar Asad döwründe öldürlen asuda ilata degişli jesetleriň bardygy nygtaldy.

8-nji dekabrda Baas ulgamynyň agdarylmagyndan soň Siriýada geçirilýän barlag işleriniň çäginde köpçülikleýin gonamçylyklar tapylmaga dowam edýär.

Halabyň Içeri işler müdürligine degişli topar, şäheriň Nakkarin obasynda täze köpçülikleýin gonamçylygyň ýerini anyklady.

Köpçülikleýin gonamçylykda agdarlan hökümet döwründe öldürlen asuda ilata degişli jesetleriň galyndylary tapyldy.

Siriýanyň SANA habarlar gullugy 29-njy dekabrda Homus welaýatynyň Hola etrapçasynda hem köpçülikleýin gonamçylygyň tapylandygyny mälim edipdi.

Siriýada heniz ýerleri doly anyklanylmadyk köp sanly köpçülikleýin gonamçylygyň bardygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ilham Aliýew Ermenistana duýduryş berdi
Siriýa pullaryň açaryny elinde saklajak ilkinji zenany wezipä belledi
115 Müň Siriýaly Watanlaryna Dolandy
“Siriýalylaryň Howpsuzlygynyň Üpjün Edilmegi Üçin Edilýän Tagallalara Goldaw Bereris”
Siriýadaky Wagtlaýyn Hökümetiň Daşary Işler Ministri Iordaniýada Saparda Boldy
Damask Howa Menzili Halkara Uçuşlara Açylar