Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi şatlykly we buýsançly wakalaryň birine öwrüldi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.Täze kitap Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurmak hakyndaky syýasatynda döwlet ýolbaşçysy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesiniň, galyberse-de, türkmeniň taryhynyň, halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, ruhy-medeni derejesiniň beýleki halklardan tapawutlylygy hakyndaky taryhy-filosofiki oýlanmalarynyň beýanyny özünde jemleýär.
Alym Arkadagymyzyň taryhçy hökmünde, filosof hökmünde, şeýle hem döwlet gurmagyň, dolandyrmagyň, halklaryň arasynda parahatçylyksöýüjilikli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň diplomatik ýollaryny bilýän başarjaň syýasatçy hökmündäki garaýyşlary täze kitabyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.
Girişden we iki bapdan ybarat bolan ajaýyp eserde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna uly orun berilýär.Onda umumadamzat taryhynyň ösüşlerine oňaýly täsir eden kuwwatly türkmen döwletleri bolan Margiana, Parfiýa, Beýik Seljuk siwilizasiýalary baradaky bitirilen düýpli işler seljerilip, bu sanawyň Gadymy Änew medeniýetiniň gazanan beýik sepgitleriniň maglumatlary bilen baýlaşdyrylmagy, täze kitabyň taryhy-jemgyýetçilik ähmiýetini has hem ýokarlandyrypdyr.
Bu mukaddes ýerlerden başlanyp, türkmeniň uly taryhynyň dowamynda gülläp ösen halk lukmançylygy, halyçylyk, dokmaçylyk, binagärlik, zergärçilik senetleri boýunça toplanan baý tejribeleriň anyk we düýpli arheologiki maglumatlar arkaly beýan edilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň beýik döwletdigini ylmy taýdan açyp görkezýär.
Eziz Diýarymyzyň gadymy taryhynyň baý maglumatlary esasynda ýazylan bu kitapda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda uly orun alýan halkymyzyň taryhy, tebigy we ýazuw ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary barada hem giňden söhbet edilýär.
Giň okyjylar köpçüligine ajaýyp kitaby halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly durmuşyndan söz açýan dürdäne eseri sowgat edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş aýdýarys.Gymmat ABDYRAHMANOWA, Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň müdiri. /* custom css */ .td_uid_15_675981120b93e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675981120b93e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }