Türkmenistanly Hakberdi Jumaýew dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Çempionat Awstriýanyň Oberwarte şäherinde geçirilýär.
Ýaryşyň deslapky tapgyrynda Jumaýew fransiýaly Ýohan Russelden, wengriýaly Marton Andrasiden we germaniýaly Maksimilian Standkeden üstün çykdy. Ýarym finalda gazagystanly Dauren Sýukenowy ýeňen ildeşimiz, altyn medal ugrundaky tutluşykda fransiýaly Riçard Wergnesden rüstem geldi.
23 ýaşly Hakberdi Jumaýewiň şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşda ilkinji üstünligini gazanandygyny nygtamak gerek. Ol şu ýylyň awgust aýynda Türkiýede geçirilen Yslam raýdaşlygy oýunlarynda hem 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, bürünç medala mynasyp bolupdy.
Türkmenistan Ýewropanyň açyk çempionatyna 28 dzýudoçy bilen gatnaşýar. Olaryň 16-sy erkekler, 12-si zenanlardyr.