Hakan Fidanyň Hytaýa guran soňky sapary

Hakan Fidanyň Hytaýa guran soňky sapary

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Hytaýa guran soňky sapary Ýewraziýanyň üýtgeýän strategik şertlerinde türk daşary syýasatynda möhüm başlangyçlary alamatlandyrýar. Türkiýe strategik ýaranlaryny deňagramlaşdyrmagy we pozisiýasyny güýçlendirmegi nazarda tutýarka, bu sapar möhüm diskussiýalaryň we onuň daşary syýasata potensial täsirlerine ünsi çekýär.

Fidan saparynyň dowamynda hytaýly kärdeşi bilen ençeme möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugry, iki ýurduň pragmatiki daşary syýasata gönükmekleri.Türkiýe yzgiderli häsýetde bitewi Hytaý kadasyna sarpa goýup, Hytaýyň territorial bitewiliginiň ähmiýetini nygtap gelýär. Şol sanda Hytaý hem Ankara bilen diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryna iňňän pragmatik perspektiwadan çemeleşýär.

Fidanyň sapary Türkiýäniň Hytaý bilen gatnaşyklaryndaky bu pragmatik çemeleşmäni hasam berçinledi.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň Hytaý bilen bolan özara gatnaşyklary umuman Türkiýäniň “Gaýtadan Aziýa” başlangyjy atlandyrylýan giň strategiýanyň bir bölegini emele getirýär.Bu syýasat özgerlişigi birnäçe faktor tarapyndan ugrukdyrylýar.Ilki bilen Türkiýäniň global syýasatda geostrategik taýdan gaýtadan pozisiýa eýeleme islegini beýan edýär.

Global güýç dinamikalary Aziýa tarap süýşdügi saýyn, Türkiýe özüni şol täze giňişlikde özüni strategik tarap hökmünde ornaşdyrmagy nazarda tutýar.Hytaý bilen gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bu täze gönükmäniň tebigy netijesidir we Türkiýäniň strategik ýerleşişinden peýdalanmagyna şert döredýär.

Bu täze syýasata bolan ýöneliş, şol bir wagtda-da Türkiýäniň halkara syýasatda özbaşdaklyk gözlegini alamatlandyrýar we günbatarly ýaranlary bilen gatnaşyklarynda täze bir meýili görkezýär.Türkiýäniň Aziýanyň beýgelişinde daşary syýasatyny we geosyýasy strategiýasyny gaýtadan ugrukdyrmakda möhüm faktor hökmünde kabul edýändigi äşgär.

Türkiýäniň Hytaý boýunça strategiýasynyň aňyrsyndaky ikinji faktor söwda döwletine esaslanýan daşary syýasat çemeleşmesiniň özenini emele getirýän ykdysady diwersifikasiýalaşdyrma syýasatydyr. Ykdysady tolkunlanma we birsydyrgyn ösüş zerurlygyna sezewar bolan Türkiýe ykdysady ýaranlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga çalyşýar. Dünýäniň esasy ykdysady güýçlerinden biri bolan Hytaý bilen gatnaşyk açmak söwda, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyk üçin möhüm şertleri hödürleýär.

Üçünji faktor bolsa, Türkiýäniň sebitleýin pozisiýasyny güýçlendirme maksadydyr. Türkiýäniň Hytaýa bolan perspektiwi Orta Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky pozisiýasyny güýçlendirmek boýunça strategik göçümdir. Türkiýe Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjy bilen utgaşykly hereket edip, sebitleýin arabaglanşykda we ykdysady galkynyşda möhüm pozisiýa eýeläp biler. Ol hem geosyýasy ygtybaryny güýçlendirer.

Fidanyň üç günlük saparynda birnäçe möhüm strategik mesele gün-tertibine geldi. Olaryň başynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda gatnaşygynyň we ykdyasdy hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy durýar. Iki tarap hem ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, duşuşyklarda söwda mukdarynyň artdyrylmagyna, söwdanyň öňündäki bökdençlikleriň azaldylmagyna we esasanda infrastruktura hem-de tehnologiýa pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum şertleriniň öwrenilmegine gönükdiler.

Saparyň dowamynda garalan beýleki bir möhüm mesele bolsa sebitleýin howpsuzlyk meselesidi.Bar bolan global dartgynlyklar we sebitleýin çaknyşyklar göz öňünde tutulanda howpsuzlyk hyzmatdaşlygy iki ýurt üçin hem möhüm ähmiýete eýe.

Dialogda terrorizme garşy göreş, sebitleýin howpsuzlyk wehimleriniň seljerilmegi we harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça strategiýalar ara alynyp maslahatlaşyldy.Esasanda Ysraýylyň Gazadaky söweşi we Russiýa-Ukraina çaknyşygy duşuşygyň esasy ugurlary boldy.

Hem Türkiýe hem-de Hytaý Palestina meselesi üçin iki döwletli çözgüdi goldaýan bolsa, Türkiýäniň Ysraýyla boýunça syýasaty Hytaýa garalanda has egilşiksiz.

Guşak-Ýol başlangyjy iki ýurt üçin hem strategik taýdan möhümdir. Hytaý, Guşak we ýol başlangyjyny ABŞ bilen bäsleşiginde global geoykdysady göterijisini güýçlendirmegiň serişdesi hökmünde görýän bolsa, Türkiýe taslamany ykdysady gazanç üçin mümkinçilik we global bäsleşikde geosyýasy pozisiýasyny taýtadan dizaýn etmegiň ýoly hökmünde görýär.

Saparyň möhüm ugurlaryndan biri bolsa Türkiýäniň global syýasatda günsaýyn pozisiýasy güýçlenýän BRIKS-e agza bolma islegidi.Halkara uýlgam köp blokly dünýä tarapa ugrukýarkar BRIKS günbatar ýaranlyklarynyň daşynda deňagramly gatnaşyklaryň gözleginde bolan ýurtlar üçin alternatiw dünýä garaýyşyny hödürleýär.

Türkiýäniň BRIKS-e bolan gyzyklanmasy adaty daşary syýasatynda möhüm özgerleşigi alamatlandyrýar.Fidan saparyň dowamynda BRIKS-iň Türkiýä ykdysady netijeliligini artdyrmak üçin ÝB-ne “gowy alternatiw” hödürlejekdigini beýan etdi.

BRIKS-e agzalyk potensial taýdan türk daşary syýasatyna täze ugurlar açyp, diskussiýalary hem ýany bilen alyp geler.

Türkiýe bilen Hytaý gatnaşyklarynda pragmatik çemeleşmä eýe hem bolsa, uýgur meselesinde düşnüşmezlikler bar.Fidan saparynyň dowamynda hytaýly resmileri azlykdaky musulman uýgurlaryň medeni hukuklaryny goramaga we “öz gymmatlyklaryny dowam etdirmäge” rugsat bermäge çagyrdy.

Türkiýe Sinjan welaýatyndaky ýagaýa hem içerki syýasy dinamikalara hem-de Hytaý bilen deňagramly syýasaty dowam etirmek taýdan içgin çemeleşýär. Şol içginlik Fidanyň Hytaýyň günbatgaryndaky Sinjan awtanomiýasynyň Urumçi we Kaşgar şäherlerine guran sapary hakynda X sosial media hasabynda näme sebäpden emosional habarnama berendigini hem düşündirýär.

Jemläp aýdanymyzda Hakan Fidanyň Hytaýa saparynyň möhüm geosyýasy we daşary syýasat netijeleri bar.Türkiýäniň Hytaý bilen bolan gatnaşyklary global syýasatdaky strategik deňagramlylygy beýan edýär.NATO agza we ÝB-ne agzalyga dalaşgär ýurt hökmünde Türkiýäniň Hytaý bilen ýakyn hyzmatdaşlygy köp ugurly daşary syýasat çemeleşmesini beýan edýär.

Türkiýe Hytaý bilen gatnaşyklaryny güýçlendirip Orta Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky pozisiýasyny güýçlendirme potensialyna eýe.Guşak we ýol başlangynyň çägindäki hyzmatdaşlyk Türkiýäniň sebitleýin güýç merkezi hökmünde pozisiýasyny güýçlendirer.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Fidan, Katarly we Müsürli Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi