Hakan Fidan Yragyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

Hakan Fidan Yragyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen habarnamada; “Ministrimiz Hakan Fidan Ankarada Yragyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen duşuşdy” diýilýär.

Diplomatik çeşmeler Yrak tarapy bilen howpsuzlyk boýunça gazanylan ylalaşygyň goşmaça anyk başlangyçlar bilen üstüniň ýetirilmegi üçin bar bolan şertlere garaljak Türkiýe-Yrak Ýokary derejeli Howpsuzlyk mehanizminin 4-nji maslahaty hem Ankarada başlady.

Çeşmeler Yragyň wekiliýetiniň Türkiýä sapary mynasybetli Bilelikdäki meýilleşdiriş toparynyň birinji maslahatynyň hem Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Yragyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Fuad Huseýiniň ýolbaşçylygynda şu gün Ankarada geçiriljekdigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkiýe-Yrak Bilelikdäki Meýilleşdiriş Toparynyň Maslahaty Ankarada Geçirildi
Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas Bilen Duşuşdy