Türkiye, 5 ýyl arakesmeden soň Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Daşary işler ministrleriniň resmi däl maslahatyna çagyryldy.
29-njy awgustda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek maslahatda gün tertibiniň ileri tutulýan halkara meseleler boýunça pikir alyşylar.
Türkiyä maslahatda daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.
Hakan Fidan ýewropaly kärdeşlerine sebitleýin we global howplara garşy Türkiýe-ÝB hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini gürrüň berer we söhbetdeşlerine gatnaşyklary pugtalandyrmak we anyk ädimler etmek islegini ýetirer.
Ministr Hakan Fidan şeýle hem söhbetdeşlerine günüň zerurlyklaryna laýyklykda Gümrük bileleşigini döwrebaplaşdyrmakda Türkiyäniň ileri tutýan ugurlaryny ýatladar.
Mundan başgada Hakan Fidan wiza bilen bagly meseleleriň ortadan aýyrlmagynyň ÝB bilen Türkiyäniň arasyndaky söwda, medeni, akademiki we ynsanperwer gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi taýdan ähmiýetini belläp geçer.
Türkiyäniň Kipr babatyndaky anyk çemeleşmesini ÝB tarapyna ýene-de bir gezek ýetirer.
Maslahatyň çäginde Hakan Fidan ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirer.