Hakan Fidan, Wladimir Putin Tarapyndan Kabul Ediler

Hakan Fidan, Wladimir Putin Tarapyndan Kabul Ediler

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Peskow, metbugata beren beýannamasynda, Putiniň iş sapary bilen Moskwa gelen Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etjekdigini aýtdy.

Fidanyň Moskwada birnäçe duşuşyk geçirendigini ýatladan Peskow, Putin bilen şol duşuşyklarynyň netijesi hakynda pikir alyşjakdygyny belledi.

Peskow, duşuşykda Russiýa-Türkiýe gün tertibinde esasy rol oýnaýan meseleleriň hem seljeriljekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

“Russiýa, Ukraina Bilen Gepleşik Geçirilmegine Oňyn Garaýar”
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi