
Daşary işler ministri Hakan Fidan TRT World kanalyna güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Ýewropalylaryň Ukrainadan, Ýakyn Gündogardan we ABŞ-nyň Ýewropadan çekilmek ýaly ýaly meselelere üns bilen garaýandyklaryny aýdan Hakan Fidan, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda “ygtybarly we güýçli hyzmatdaş” bolandyklaryny görýändiklerini habar berdi.
Hakan Fidan Ankaranyň Siriýadaky, Yrakdaky we beýleki ýerlerdäki terrorizm we durnuksyzlyk ýaly meselelere garşy gowy ýolbaşçylyk edýändiklerini we diňe olara garşy göreş alyp barman, şol bir wagtda "ygtybarly bir hyzmatdaşdygyny we ýarandygyny hemişe subut edýändigini" mälim etdi.
Siriýadaky täze hökümediň örän kyn käbir meseleleriň üstünde işleýän mahaly ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG basyp alyşlygyny duruzmagyň ileri tutýan ugurlarynyň arasyndadygyny aýdan Hakan Fidan: "Siriýanyň, Türkiyäniň, Yragyň we kürtleriň bähbidi üçin (ekstremist terror guramasy) PKK-dan dynmalydyrys" diýip aýan etdi.
Hakan Fidan ekstremist terror guramasy PKK-nyň "Köp maksatly bir terror guramasydygyny" belläp: "Diňe Türkiyäni nyşana almaýarlar. Eýrany nyşana alýarlar, Yragy nyşana alýarlar, Siriýany nyşana alýarlar. Şol sebäpli bu wirusdan ählimiz bilelikde dynmagyň wagtynyň gelendigini pikir edýärin" diýip belledi.