Daşary işler ministri Hakan Fidan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Fidan bilen Guterreş telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Fidan bilen Guterreş telefon söhbetdeşliginde Siriýada we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Hakan Fidan bilen Antoniu Guterreş şeýle hem Siriýadaky syýasy geçiş etaby, ynsanperwer kömeginiň ýurda ýetirilmegi we Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin BMG-nyň başda durmagynda halkara derejesinde ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ministr Fidan, Blinkene, Siriýanyň bitewiligine we syýasy jebisligine ähmiýet berýändiklerini nygtap, Türkiýäniň terror guramalarynyň Siriýadaky ýagdaýdan peýdalanmagyna asla rugsat bermejekdigini aýtdy.
Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen garşydaş ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar möwjäpdi.
Paýtagt Damaska 7-nji dekabrda girmäge başlan ýaragly toparlara halkyň hem goldaw bermegi netijesinde Siriýanyň hökümeti birnäçe etrapda gözegçiligini ýitiripdi.
Ýekşenbe güni hem Baas ulgamynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýeti agdarlypdy.