Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi

Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiye-Sloweniýe Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkiyä gelen Sloweniýanyň Wise-premýeri, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Paýtagt Ankara şäherindäki duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we Goranyş senagaty ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri ele alyndy, Siriýadaky we Gazadaky soňky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Hakan Fidan duşuşykda halkara jemgyýetiň Siriýa goldaw bermelidigini beýan etdi.

Hakan Fidan Gazda iň gysga wagtda hemişelik ýaraşygyň ýola goýulmagy we sebite ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda ýetirilmelidigini belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem norwegiýaly kärdeşi Espen Bart Eýde bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky we Gazadaky soňky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi