Hakan Fidan Siriýadaky wakalar barada beýanat berdi

Hakan Fidan Siriýadaky wakalar barada beýanat berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Doha Forum 2024-de, Siriýada başdan geçirilýän wakalar barada metbugat işgärleri bilen geçiren duşuşygynda gürrüň etdi.

Hakan Fidan düýn irden Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň agdarylmagy bilen Siriýanyň täze bir tapgyra ýetendigini belläp: "Siriýanyň halky, ýurtlarynyň geljegini ýaňadandan şekillendirer" diýip belledi.

"Türkiye, Siriýanyň milli birligine, durnuklylygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bütewligine örän uly ähmiýet berýär, şol bir wagtyň özünde Siriýanyň halknyň abadançylygynada ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan ýurtlaryny taşlap gitmäge mejbur bolan millionlarça siriýaly, indi öz ýurtlaryna dolanyp bilerler." diýen Hakan Fidan, täze dolanşygyň dowamly ýagdaýda gurnalmagynyň, inklýuziw ýörelgesinden hiç wagt egilşik edilmeli däldigini, indi birligiň we ýurdy ýaňadandan dikeltmegiň wagtynyň gelendigini beýan etdi.

Siriýadaky ähli taraplaryň tapgyra goşulmagy we Türkiyäniň bu babatdaky tagallalary bilen bagly soraga Hakan Fidan, Siriýanyň demirgazygynda kanuny kürt taraplaryň bardygyny we olaryň ençeme wagt bäri oppozisiýa güýçleriniň bir bölegi ýagdaýyna gelendigini belläp: "Emma haýsydyr bir PKK-nyň şahasyny Siriýada haýsy-da bolsa bir görnüşde kanuny tarap hökmünde kabul edip bolmaz. Siriýadaky gepleşiklerde tarap bolup bilmez" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy