Daşary işler ministri Hakan Fidan, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýada ýeriniň ýokdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris” diýdi.
Hakan Fidan, Siriýanyň paýtagty Damaskda ýurduň täze hökümetiniň lideri Ahmed aş Şera bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Siriýanyň agyr günleriniň yzda galandygyny we eşretli durmuşda ýaşaljakdygyny nygtan Fidan, ýurduň etniki, dini we messep toparlarynyň has bagtly durmuşda ýaşajakdygyny, ýurduň gelejegini siriýalylaryň kesgitlejekdigini belledi.
“Türk halky, türk döwleti we Prezidentimiz R. T. Erdogan size hemişe goldaw berer” diýen Hakan Fidan, Siriýadaky täze hökümetiň beren wadasynda durmagy üçin täze hökümete goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Hakan Fidan, “Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi, Siriýanyň kadalaşmagy we ýurtda howpsuzlygy ýola goýulmagy taýdan diýseň möhüm”diýdi.
Daşary işler ministri Fidan, “Pursatdan peýdalanyp PKK/ÝPG-nyň Siriýada asla ýeriniň ýokdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Bu terror guramasy, Siriýanyň halkynyň topraklaryny basyp aldy we tebigy baýlyklaryny ogurlaýar. Şu günki duşuşygymyzda Siriýanyň halkynyň PKK/ÝPG-a garşy tutanýerli göreşjekdigini ýene-de bir gezek gördüm” diýdi.
Siriýanyň täze hökümetiniň lideri Ahmed aş Şera bolsa “Dost ýurt Türkiýe başyndan bäri Siriýanyň halkyna goldaw berdi” diýdi.
Şera “Biziň gözegçiligimizdäki we PKK/ÝPG-niň gözegçiligindäki sebitlerde hiçbir toparyň elinde ýaragyň bolmagyny kabul etmeris” diýip belledi.